Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew häkimlik edýän "Amanat" atly partiýanyň başlygynyň ygtyýarlyklaryny öz boýnundan aýyrmagy we ondan çykmagy karar edendigini mälim etdi. Bu barada TengriNews habar berýär.
Partiýanyň täze başlyklygyna Tokaýewiň hödürlän dalaşgärini - respublikanyň parlamentiniň (mejlisiniň) aşaky palatasynyň spikeri Ýerlan Koşanowy saýladylar. "Ýerlan Žakanowiçiň ýokary guramaçylyk ukyby bar, ol terjibesi ýetik, işini bilýän raýat" - diýip, Gazagystanyň prezidenti aýtdy.
Tokaýewi häkimlik edýän partiýanyň başlyklygyna 2022-nji ýylyň ýanwarynyň ahyrynda saýlapdylar. Şol wagt partiýa "Nur Otan" ("Watan Nury") diýip atlandyrylýardy.Tokaýewden öň oňa Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew baştutanlyk edipdi.