Kastamonu Azdawaý egin-eşigi

Kastamonu Azdawaý egin-eşigi

Türkiyäniň Gara deňiz kenaryndaky Kastamonu şäheriniň Azdawaý etrabyndan adyny alyp gaýdýan “Azdawaý egin-eşigi” sebitde ýaşaýan zenanlar tarapyndan dokalýan, gündelik durmuşda we toý dabaraly günlerde ulanylýan egin-eşigiň bir görnüşidir.

Sebitiň geçmişini ýadyňa salýan Azdawaý egin-eşigi etrap häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2020-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.Azdawaý egin-eşigi başa geýilýän tahýa we tahýany tutmagy “Eňek ýüpi”, “Paça” diýip atlandyrylýan jalwar, halat we “delme” diýip atlandyrylýan çabyt, guşak we öňlükden ybaratdyr. Üstündäki tapawutly jikme-jiklikler zenanyň medeni ýagdaýy barada maglumatlar berýän Azdawaý egin-eşigi, etrabyň obalyk ýerlerinde elde taýarlanýar.

Geýimiň her bir bölegi aýratyn dikileninden soň, ussatlygy talap edýän amallar bilen birleşdirilýär.Mata dürli el nagyşlar we monjuklar bilen nagyşlar çekilsede, ak we gyzyl kružewa nagyşlary aýratyn täsir galdyrýar.

Egin-eşigiň esasy reňki gyzyldyr, emma başgap, guşak we öňlük böleklerinde ak we gara reňkler başda bolmak bilen ýaşyl, sary we gök reňkiniň tapawutly tonlary bolan ençeme reňk ulanylýar.

Agaçdan ýasalan abzallarda çäkli ýagdaýda öndürilýän “Azdawaý egin-eşigi” sebitiň iň möhüm syýahatçylyk önümi bolmak aýratynlygyna eýedir we doly taýarlanylyşy takmynan 1 aý dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna heläkçilikli suw joşmalary zerarly gynanç bildirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Owganystanyň Badahşan Welaýatynyň Häkiminiň Orunbasarynyň Janyna Kast Edildi
Kastamonu Basdyrmasy
“Russiýa, Ukrainanyň Prezidentiniň Janyna Kast Etmäge Synanşyp Biler”