Kassam topary Ysraýyla degişli 24 harby ulagyň hatardan çykarylandygyny habar berdi

Kassam topary Ysraýyla degişli 24 harby ulagyň hatardan çykarylandygyny habar berdi

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin al-Kassam toparynyň metbugat geňeşçisi Abu Ubeýde soňky 48 sagatda Ysraýylyň goşunyna degişli 24 harby ulagyň dolulygyna ýok edilendigini ýa-da bölekleýin görnüşde hatardan çykarylandygyny mälim etdi.

Abu Ubeýde Al Jazzera kanalynda çap edilen ses ýazgysynda Palestina halkynyň yzygiderli häsýetde gyrgynçylyga sezewar galýandygyny, Ysraýylyň bütin adamzadyň hukuklarynyň düzgünini äsgermeýändigini beýan etdi.

Kassam toparyna degişli söweşijileriň 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň harby güýçlerine garşy göreş alyp barýandygyny aýdan Ebu Ubeýde, häzirki wagtda Gaza şäheriniň demirgazyk-günbatary bilen günortasynda we Beýt Hanun şäherinde Ysraýylyň harby güýçlerine garşy garşylyk görkezmäge dowam edýändigini mälim etdi.

Abu Ubeýde soňky 48 sagatda Ysraýylyň goşunyna degişli aralarynda sowutly ulaglar, ýük ulaglary we buldozerler bolan jemi 24 harby ulagyň zenit raketalary bilen dolulygyna ýok edilendigini ýa-da bölekleýin görnüşde hatardan çykarylandygyny mälim etdi.

Söweşijileriň Gaza giren Ysraýyl güýçleri bilen ýakyndan söweşýändigini aýdan Abu Ubeýde binalarda ýerleşdirilen ysraýylly snaýperler bilen birlikde ähli güýçleriň nyşana alynýandygyny habar berdi.

Abu Ubeýde: "Ysraýyla garşy assimetrik söweş alyp barýarys. Emma bu söweş dünýäde ders hökmünde okadylar, taryhda ebedi galar" diýip belledi.

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin al-Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýylyň Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddesliklerine garşy dowamly häsýetde amala aşyrýan düzgün bozmalaryna garşy garşylyk görkezmek maksady bilen giň gerimli hüjüm başladan bolsa, Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde Gaza garşy howa hüjümlerini başlatdy.

Başdan geçirilen hadysalar sebäpli taraplaryň ikisinden hem müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Sudanyň goşuny Al Jazira welaýatynda ýene-de bir şäherçäniň gözegçiligini ele geçirdi
Aşgabatda "Müň bir gijäniň" eserleri ýaňlandy
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi