Kassam topary Tel-Awiwe raketalar bilen hüjüm gurady

Kassam topary Tel-Awiwe raketalar bilen hüjüm gurady

Kassam toparynyň Telegram hasabyndan berilen beýanatda: "Basyp alyjy Ysraýyl tarapyndan asduda ilatyň gyrgynçylygyna jogap hökmünde Tel-Awiwe raketalar bilen hüjüm guradyk" diýip beýan edildi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň Kanal 12 telewideniýe kanaly tarapyndan berilen habarlarda: "Uly Tel-Awiw sebitinde sirenalaryň sesi ýaňlandy we Gaza zolagyndan uly Tel-Awiw sebitine tarap azyndan 12 raketa atyldy" mälim edildi. Habarda raketalaryň Demir Gupba howa goranyş ulgamy tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilmegi bilen partlamalaryň bolandygy aýan edildi.

Liwandaky Hizbullah hereketi hem soňky 24 sagatda Ysraýyl serhedinde ýerleşýän harby liniýalara Eýran önümi bolan raketalar we tapawutly ýaraglar bilen 13 aýry hüjüm guraldy.

Ysraýylyň goşuny hem Liwan tarapyndan guralan hüjümlere garşylyk görkezmek maksady bilen Hizbullahyň käbir ýerlerine garşy harby uçarlar bilen hüjümler gurandyklaryny habar berdi.

Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda başdan geçirilen ýaragly çaknyşyklarda häzirki wagta çenli Hizbullahyň 176 agzasy, Liwanyň 30 raýaty, Ysraýylyň 6 raýaty we 10 ysraýylly esger ýogaldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde häzirki wagta çenli 11 müňi çaga, 7500-i zenan bolmak bilen azyndan 26 müň 637 palestinaly öldürildi, 65 müň 387 palestinaly bolsa ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Liwandan Ysraýylyň demirgazygyna 175 raketa atyldy
Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Netanýahu: "Ysraýyla kyn günler garaşýar" diýdi
Ysraýyl howa giňişligini ýapdy
Tel-Awiwe Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi