Kaspi Konwensiýasy kabul edilse-de, Türkmenistan “Trans-Hazar” hakda dil ýarmaýar

Kaspi Konwensiýasy kabul edilse-de, Türkmenistan “Trans-Hazar” hakda dil ýarmaýar

12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Orsýetiň hem-de Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň V sammitinde Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Konwensiýa gol çekildi. Bu ylalaşygy amala aşyrmak üçin kenarýaka 5 döwletiň resmileri soňky 22 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 50-den köp iş maslahatyny geçiripdi.

Konwensiýa gol çekilmegi bilen energiýa boýunça käbir halkara bilermenler Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda deňziň astyndan gazgeçiriji gurmak mümkinçiliklerini üns merkezine çekýärler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyndan sammite gatnaşan Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýeriň awtorlygynda çap edilen makalada gola hödürlenen Konwensiýanyň tekstine salgylanyp, onuň 14-nji maddasynyň 3-nji bendinde “suwlarynyň çäginden geçiriji çekilýän döwletlere özara ylalaşyk esasynda” suw astyndan gaz trubalaryny çekmäge rugsat berilýändigi bellenýär.

Ýöne, geň tarapy, ne ylalaşyga gol çekilen sammitden öň, ne onuň dowamynda, ne-de sammitden soň türkmen tarapy Trans-Hazar gazgeçirijisi barada kelam agyz gürrüň etmedi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki resmi köpçülikleýin media serişdelerinde-de Trans-Hazar hakda asla dil ýarylmaýar.

Halkara energiýa meseleleri boýunça bilermen Jon Roberts (John Roberts) Trans-Hazar boýunça türkmen tarapynyň dymyşlygynyň mümkin bolan sebäpleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi:

“Munuň birinji sebäp örän aýdyňdyrdyr, ýagny Türkmenistanyň Orsýet bilen aýratyn ähmiýetli howpsuzlyk gatnaşyklary bar.Meniň pikirimçe, prezident Berdimuhamedow islendik Trans-Hazar gatnaşygy boýunça Orsýetiň iş ýüzünde hiç hili garşylygynyň ýokdugyny anyk görmek isleýär.

Ol Azerbaýjana ondan aňry Ýewropa satyljak gaz boýunça Orsýetiň närazyçylygynyň ýokdugyna anyk göz ýetirmek isleýär, şol sebäpden ol bu barada dymyp, ümsümligi saklaýar” diýip, Roberts aýtdy.

Ekspert söhbete dowam edip, türkmen tarapynyň Trans-Hazar dymyşlygynyň mümkin bolan ikinji sebäbi barada gürrüň berdi:

“Beýleki bir mesele, belki-de [dymyşlygyň] has wajyp sebäbi Berdimuhamedow türkmen gazynyň Orsýete eksport edilmegini täzeden ýola goýmak isleýär.Galyberse-de, bu söwda ozallar Türkmenistanyň energiýa girdejileriniň esasy özenini düzýärdi. Ýöne, men türkmen prezidentiniň Orsýetiň häzirki wagtda duçar bolýan çetin bazar şertlerinden habarlydygyny ýa-da däldigini bilemok.

Belki-de, Orsýetiň 10 ýyl ozalkysy ýaly türkmen gazyna zerurlygy ýokdur.Berdimuhamedow Orsýet bilen gazyň 2009-njy ýyldaky bazar bahasyndan, ýagny Günbatar söwda şertlerindäki bahalar boýunça gaz söwdasynyň täzeden dikeldilmegini görmek isleýändir diýip, pikir edýärin” diýip, energiýa bilermeni belledi.​

Kaspi Konwensiýasynda kabul edilen käbir şertleri düşündirýän infografik

​Merkezi Aziýa bilen bagly habarlary fransuz dilinde çap edýän Novastan.org saýtyna beren interwýusynda Glasgow uniwersitetiniň professory, şol bir wagtda Orta Aziýa boýunça bilermen Luka Ançeski (Luca Anceschi) Kaspiniň kanuny statusyny kesgitleýän Konwensiýanyň kabul edilmegi we Trans-Hazar barada gürrüň berdi:

“Bu ylalaşygyň kabul edilmeginiň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlyga ýol açjakdygy barada gürrüň edilýär. Bu beýle däl, ýagdaýlar üýtgemez. Ozal bu iki döwletiň [bu ugurda] hyzmatdaşlyk etmändiginiň sebäbi konwensiýanyň aradan aýyran päsgelçilikleri bilen bagly däldi” diýip, Ançeski aýtdy.

“Dogrusyny aýtsam, haçan-da başga gazgeçirijiler bar wagty olar näme üçin [Trans-Hazary] gursun!Bu esasan Türkmenistanyň bähbitlerine hyzmat eder, Azerbaýjan mundan o diýen peýda görmez.Meniň pikirimçe, häzir indi Türkmenistanda Orsýet bilen gaz söwdasyna dowam etmek mümkinçiligi döredi.

Men hususan-da Türkmenistan Orsýet bilen gaz söwdasyny täzeden dikeltmegi başarsa, [Trans-Hazar] taslamasy durmuşa geçirilmez diýip pikir edýärin. Ýöne wagt görkezer!” diýip, Ançeski Novastan.org saýtyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, energiýa bilermenleri Trans-Hazaryň gurluşygyna daşky gurşaw bilen bagly meseleleri öňe sürüp, hususan-da Orsýet bilen Eýranyň garşy çykyp gelendigini aýdypdy.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Hazaryň hukuk derejesi boýunça gol çekilen Konwensiýanyň Kaspini deňiz diýip kesgitleýändigini aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin “Kommersanta” beren interwýusynda Konwensiýanyň kabul edilmegi bilen Kaspiniň ne deňiz, ne-de köl statusyna eýe bolandygyny ýaňzydyp, onuň “aýratyn hukuk derejesine eýedigini” aýtdy.

Aktauda geçirilen sammitden üç gün soňra, 15-nji awgustda prezident Berdimuhamedow Orsýete sapar edip, Soçide Putin bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Ýöne duşuşygyň dowamynda Trans-Hazar gazgeçirijisiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy ýa-da däldigi nämälimliginde galýar.

Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz söwdasy 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyndan ýüz öwürmegi bilen bes edilipdi.

Geçen aý Orsýetiň energiýa ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiýniň Türkmenistan bilen aradaky gaz söwdasynyň täzeden dikeldilmek ähtimallygy barada aýdan sözleri rus metbugatynda peýda boldy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Berdimuhamedowyň Türkiýä sapary başlandy
Wengriýa türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu mümkinmi?
Wengriýa türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu mümkinmi?
Prezidentden soň 'iň kyn wezipäni ýerine ýetirmeli bolan' Kakaýewiň ady ebedileşdirilýär
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady
Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?