Kaşkaý Türkçesi

Kaşkaý Türkçesi

Eziz ildeşler Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 11-nji bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen bilelikde. Gepleşigimiziň geçenki sanynda Kumyk türkleri, Kumyk türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Kumyk türk dili barada gysgaça gürrüň beripdik. Şu gün bolsa Kaşkaý türkleri, Kaşkaý türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Kaşkaý türk dili barada gürrüň bermekçi.

Kaşkaý türkleri Eýranyň esasan hem Pars, Yspyhan, Huzistan, Buşehir we Köhkülüýe sebitlerinde ýaşaýarlar. Taryhy döwürlerde bütinleý çarwa durmuşyny ýaşan Kaşkaý türkleriniň köpüsi häzirki wagtda döwrebap döwrüň üýtgemegi bilen ýerleşik ýaşaýyşa geçdiler.

Türkleriň Oguz toparyndan bolan Kaşkaýlaryň şu günki ýaşaýan sebitlerine haçan we nireden gelendikleri barada biri-birinden tapawutly tezisler bolmagyna garamazdan, alymlaryň aglabasy Kaşkaý türkleriniň Eýrana Beýik Seljykly döwründe we Çingiz han zamanynda gelendiklerini aýdýarlar.

Has açyk aýdyň aýtmak islesek, Kaşkaý türkleri 11-12-nji asyrlardaky Beýik Seljukly döwri bilen 13-nji asyrdaky Çingiz basyp alyjylygy zamanynda uly toparlar görnüşinde Orta Aziýadan, Kawkazlardan we Anadolydan amala aşyrylan göçhä-göçlükleriň netijesinde Eýrana gelipdirler, wagtyň geçmegi bilen şu günki gün ýaşaýan Eýranyň günortasyna we günorta-günbataryna ýerleşipdirler.

Ilat sany barada Eýranyň resmi çeşmelerinde anyk maglumat tapmak kyn bolsada, resmi bolmadyk sana görä olaryň Günorta Azerbaýjan türklerinden soň Eýranda ýaşaýan iň uly türk jemgyýetidigi çak edilýär.

Özleri tarapyndan “Kaşkaýi” ýa-da “Keşkai” diýip aýdylýan şol adyň nireden gelip çykandygy we manysy barada çürt-kesik maglumat bolmasada, şol sözüň gelip çykyşy barada tapawutly garaýyşlar bardyr.

Şolaryň biri hem, bu söz at, sygyr we goýun ýaly haýwanlaryň maňlaýlaryndaky ak menegi aňlatmak üçin Gündogar Türk dilinde ulanylýan “kaşka” sözi bilen baglanyşyklydyr. Şol garaýyşa görä Kaşkaý türkleri “Kaşka” atlary rowaçly hasaplap, uruşda ýeňiş gazandyrjakdygyna ynanýarlardy. Şol sebäpli kaşka atlylary hökmünde Kaşkai, Kaşkaýy ýa-da Kaşkaý diýip atlandyrylypdyrlar.

Başga bir möhüm garaýyşa görä bolsa “Kaşkaý” sözüniň “Kaş” we “Kaýy” sözlerinden gelip çykypdyr. Onuň birinji sözi bolan “Kaş” sözi esasy 2 manysy bardyr: 1. Öňbaşçy, başlangyç, öň garawul. 2. Kaç sözüniň bozulan görnüşi bolup, onuň hem 2 manysy bardyr: A) Ylga, çalt-hereket et. B) Ylgaýan, çalt we tiz.

Sözüň ikinji bölümi bolsa “Gaýy” sözi bolsa Oguzlaryň 24 taýpasynyň biriniň adydyr. Şol garaýyşa görä goşma söz hasaplanýan "Kaşkaý" sözüniň aşakdaky iki manysy bar:

A) Öňbaşçy, basmaçy, öňdebaryjy bola Gaýy taýpasy. B) Çalt, tiz we hereketli Gaýy taýpasydyr.

Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi bolan Nissan-yň “Qashqai” atly modeliniň adyny Eýranyň günortasynda ýaşaýan güýçli we tiz Kaşkaý halkyndan almagy hem “Kaşkaý” sözüniň manysyny berýän nokatdyr. Eýranda “Kaşkaýy” adyny göterýän bir futbol topary hem bardyr.

Kaşkaý türkleriniň bir jemgyýet hökmünde barlygy käbir Günbatar alymlaryň aýtmagyna görä, b.e. öňki eýýamdan gaýdýan hem bolsa, 18-nji asyra çenli hiç bir taryhy ýa-da edebi çeşmelerde Kaşkaý adyna gabat gelip bolmaýar.

Kaşkaý türkleri bilen bagly geçirilen ylmy derňewler bolsa esasan hem 19-njy asyryň ahyrynda we 20-nji asyryň başynda Eýrana syýahat eden syýahatçylar, gündogarşynaslar we alymlar tarapyndan başladyldy. Şol çäkde Kaşkaýlaryň çarwa durmuşy, medeniýeti, dili we jemgyýetçilik gurluşy derňelipdir.

Kaşkaý türkleri ynanç nukdaýnazaryndan şaýy messebini kabul etdiler we dil taýdan türkleriň geografiki we dil ýörelgelerine laýyklykda Oguz toparyndadyrlar.

Kaşkaý halkynyň köpüsi öz ene dilinden başga-da Eýranyň resmi dili bolan pars dilinde gürleýär.

Kaşkaýa türk dilinde gürlenýän sebitde bu diliň resmi statusy ýokdyr.Hatda uzak wagtlap ýazmaça dil hökmünde köp ulanylmandyr, esasan hem gündelik durmuşda dilden-dile geçen dil dialekti bolupdyr.

Kaşkaýlar çarwa durmuşlary sebäpli taryhda dilden aýdylýan medeniýete uly ähmiýet beripdir. Şol sebäpli Kaşkaý türk dilinde ýazylan eserler azdyr.Emma, 20-nji asyryň ikinji ýarymyndan başlap, Kaşkaý türk diliniň ýazmaça eserler arkaly resminamalaşdyrmak we gorap saklamak boýunça işler geçirilipdir.

Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan Kaşkaý türkleri, Kaşkaý türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Kaşkaý türk dili barada gürrüň beren bölümimizi geçirip gutarýarys. Nobatdaky bölümde Türk dialektiniň geplenilýän tapawutly geografiýada duşuşarys.

Ýene degişli makalalar

Gagauz türkçesi
Halaç Türkçesi
Uýgur Türkçesi
Kumyk Türkçesi
Sary Uýgur Türkçesi
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY