Anadoly, kaşdanyň ene ýurdy. Dünýäde 16 görnüşli kaşdan bar. Anadoly, döwrümizde Ýewropa kaşdany hökmünde görkezilýän kaşdanyň ene watany. Dürli çeşmelere görä, dünýäde kaşdan ösdürip ýetişdirmegiň taryhynyň 6 müň ýyl ozal başlandyğy nygtalýar. Taryhy çeşmelerde kaşdan medeniýetinň Anadolyda başkandygy, biziň eramyzdan öňki 5 -nji asyrda Gresiýa, ol ýerden gem İtaliýa alnyp gidilendigi aýdylýar.
Taryhda kaşdana ilkinji gezek Lidiýa medeniýetinde gabat gelinýär.Gadymy döwürde şol miwe uzak ýyllaryň dowamynda Lidiýanyň almasy ady bilen tanalypdyr. Şol döwürde ýokary hili kaşdanlar Lidiýa medeniýetiniň merkezi bolan, şu günki Manisa welaýatynyň Salihli etrabynda ösdürlip ýetişdirlipdir we iň halanýan miwelerden biri bolupdyr.
Sebäbi düzüminde köp mukdarda krahmal bolandygy üçin buýdaý ýaly ýokumly esasy iýmit çeşmesi bolupdyr. Şol sebäpli hem esasan Günbatar Anadolydaky ozalky grek koloniýalarynyň esasy iýmitlerinden biri bolupdyr.Grekler kaşdany Anadolydan alyp şu günki Gresiýada ösdürip ýetişdirmäge çalşypdyr we Teselýa ýarymadasynyň Kastania sebitinde kaşdan ösdürip ýetişdirmegi başarypdyr. Şeýlelikde kaşdanyň Ýewropa ýolagçylygy hem başlaýar.
Greklerden soň rimliler kaşdany Kastanina sebitinden alandyklary üçin şol döwre çenli Lidýa almasy hökmünde bilinýän miwä “kastania” adyny dakypdyr.
Kaşdan Rim, Wizantiýa we Osmanly köşk aşhanalarynda özboluşly ýere eýe bolupdyr. Şu günki günde türk saçaklarynyň esasy tagamlaryndan biri bolan kaşdanly palaw, Osmanly köşgünde Fatih Soltan Mehmet döwründe köşk aşhanasynda kaşdanly bulgur palawy hökmünde bişirilýärdi.
Kaşdan, funduk, pisse, hoz ýaly iýmişleriň içinde iň ýokumlylardan biridir.Döwrümizde kaşdan unyndan çörek bilen birlikde dürli görnüşki kökeler bişirilýär.Krahmal taýdan diýseň baý bolan kaşdan, şol bir wagtda minerallar taýdan hem baý.
J, E we B witaminleri bilen birlikde fosfor, magniý, kükürt we kalsiý ýaly düzüminde beýleki minerallar hem bar.Kaşdan agajy çydamlylygy taýdan dünýäniň esasy agaçlaryndan hem biridir.