Kasapogly: "Türkiye Sport syýahatçylygynda marka" diýdi

Kasapogly: "Türkiye Sport syýahatçylygynda marka" diýdi

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly, Antalýadaky Belek syýahatçylyk zolagynda geçirilen 2023 Türkiýe kiçiler we ýyldyzlar Küşt çempionatynyň açylyşynda çykyş etdi.

Mehmet Muharrem Kasapogly, geçen ýyl 200-den gowrak halkara sport çäresine ýer eýeçiligini eden Türkiyäniň Sport syýahatçylygynda indi marka ýagdaýyna öwrülendigini habar berdi.

"Türkiyäniň bir özgeriş hekaýasy bar.Soňky 20 ýylda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda senagaty bilen, bilimi bilen, saglygy goraýyşy bilen, inftastrukturasy bilen ähli ugurlarda ynkylaby bar.Ine şol ynkylaplaryň biri hem sportdyr" diýip aýdan ministr Kasapogly, suw spordyndan gyşky sporda, spordyň şahsy görnüşlerinden topar bolup oýnalýan sporda çenli ähli ugurlarda güýçli bir infrastruktura we güýçli elýeterlilik mümkinçiligini orta goýandyklaryny mälim etdi.

"Türkiye Sport syýahatçylygynda indi marka. Antalýa hem şol markalaryň öňbaşçylarynyň biri" diýip aýdan Kasapogly: "Türkiye halkara çärelerde talap edýän, isleg bildirýän bir ýurt däl, isleg bildirilýän, özi saýlaýan bir ýurtdyr" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Antalýa 15 Million 300 Müň Syýahatçy Geldi
Bu krizisiň ady wyjdan krizisi"
Mehmet Şimşek Omanda saparda bolýar
Kajyr: "Türkiye Ýewropanyň iň uly öý hojalyk önümleriniň öndürijisidir" diýdi
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär