Karýerasyndaky ilkinji birinjiligi

Moto GP boýunça möwsümiň 16-njy ýaryşy Awstraliýada geçirildi. Fillip adasynda geçirilen 27 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Ducati Prima Pramac” toparynyň fransiýaly sürüjisi Ýohan Zarko ýeňiş gazandy. Ol ýaryşy 40 minut 39,446 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň 7 ýyllyk Moto GP karýerasyndaky ilkinji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy.

Ýeňijiden 0,201 sekunt yza gala sanawyň lideri, “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia 2-nji ýeri eýeledi. “Ducati Gresini Racing” toparyndan italiýaly Fabio Di Jennaronyň 3-nji bolan ýaryşynda çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan “Ducati Prima Pramac” ispaniýaly piloty Horge Martin bäsleşigi “Red Bull KTM” toparyndan günorta afrikaly Bred Baýnderden soň 5-nji orunda tamamlady.

Awstraliýa “Gran Prisinden” soň sanawyň lideri Françesko Banaia möwsümiň tamamlanmagyna 4 ýaryş galanda, Horge Martin bilen arasyndaky utuk aratapawudyny 27-ä çykardy. Banaianyň 366, Martiniň 339, 3-nji orundaky italiýaly Marko Bezzekkiniň (“Mooney VR46 Racing”) 293 utugy bar.

Möwsümiň 17-nji ýaryşy 29-njy oktýabrda Tailandyň Buriram şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Sanawyň lideriniň möwsümdäki 6-njy ýeňşi
Täze çempion
Awstriýada Baýnder ýeňiji boldy
2-nji gezek çempionlyk gazanan 17-nji sürüji
Täze çempion
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş