Karwahal hem-de Naço meşhur sanawa giren 12-13-nji futbolçy boldy

Ispaniýanyň çempion bolmagy bilen Dani Karwahal hem-de Naço Fernandes ikisi atlaryny meşhur sanawa ýazdyrdylar. Ýagny bu iki oýunçy bir möwsümde UEFA Çempionlar Ligasy bilen bir hatarda, Ýewropanyň hem çempiony bolmagy başardy.

Olar bu sanawa goşulan 12-13-nji futbolçylar boldy.Mälim bolşy ýaly, “Real Madrid” topary tamamlanan möwsümde UEFA Çempionlar Ligasynyň kubogyny 15-nji gezek gazanypdy.Karwahal bilen Naçodan ozal, 2021-nji ýylda Žoržinio bilen Emerson Palmieri Italiýanyň yklym çempionlygyndan öň “Çelsi” bilen Çempionlar Ligasyny gazanypdy. 2016-njy ýylda portugaliýaly Kristiano Ronaldo bilen Pepe (“Real Madrid”), 2012-nji ýylda ispaniýaly Fernando Torres bilen Huan Mata (“Çelsi”), 1988-nji ýylda niderland Hans wan Breukelen, Ronald Kuman, Berri wan Aerle, Gerald Wanenburg (PSW) hem-de 1964-nji ýylda ispaniýaly Luis Suares (“Inter”) bir möwsümde UEFA Çempionlar Ligasynyň çempionlygyna Ýewropa çempionlygyny hem goşupdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Çempionlar ligasynyň kubogyndan soň Ýewropanyň çempionlygy
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
Halk saz gurallary
Prezident Erdogan Žorže Sampaýuny hatyralama çäresine wideo ýüzlenme ugratdy
Lionel Messi ýedinji gezek Altyn topuň eýesi boldy