Kartalkaýa Liža Merkezinde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy

Kartalkaýa Liža Merkezinde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy

Boluda, Kartalkaýa liža merkezinde myhmanhanada bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä, 10 adam ýogaldy, 32 adam ýaralandy.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda, şu gün Türkiýe wagty bilen sagat 03.27-de Kartalkaýa liža merkezinde ýerleşýän myhmanhanalaryň birinde ýangynyň başlandygyny aýtdy.

Ýangyn söndüriş işlerine 267 hünärmeniň gatnaşýandygyny aýdan Ýerlikaýa “Gynansakda ýangynda ýogalanlaryň sany 10, ýaralananlaryň sany 32 adama ýetdi. Ýangynda ýogalan raýatlarymyza Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýärin”diýdi.

Ýangynyň sebäbiniň anyklanylmagy üçin işiň gozgalandygy ýatladyldy.

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz hem ýangynda ýogalanlara gynanç bildirdi.

Ýylmaz, ýangyn söndüş işleriniň dowam edýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Kartalkaýada Ýogalanlaryň Sany 66 Adama Ýetdi
Myhmanhanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 78 Adama Ýetdi
Kartalkaýada Myhmanhanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 76 Adama Ýetdi
Dünýä Ýurtlary Liža Merkezinde Bolan Ýangyna Gynanç Bildirýär
Tokaýew Myhmanhanada Bolan Ýangyna Gynanç Bildirdi
Aliýew, liža merkezinde bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi