Karreno-Busta ilkinji gezek Mastersiň çempiony boldy

Karreno-Busta ilkinji gezek Mastersiň çempiony boldy

Ispaniýaly tennisçi Pablo Karreno-Busta Kanadanyň Monreal şäherinde geçirilen ATP turniriniň ýeňijisi boldy. Ol aýgytlaýjy oýunda dünýäniň 10-njy raketkasy polşaly Hubert Hurkaçy 3:6, 6:3, 6:3 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Karreno-Busta ýaryşyň baş baýragy bilen birlikde 1000 reýting utugyny hem-de 915 müň amerikan dollary möçberde pul baýragyny hem gazandy.

Ýeri gelende bellesek, Monrealdaky üstünlik Karreno-Bustanyň Masters seriýasyna girýän ýaryşlarda gazanylan ilkinji çempionlygydyr.

Ýene degişli makalalar

Säheriň sport täzelikleri
Daniil Medwedew ATP Cup-yň taryhynda ýeňiş sany boýunça iň gowy oýunçy boldy
Daniil Medwedew indiki hepdeden dünýäniň birinji raketkasy bolar
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
Pikassonyň eseri BMG gaýtarylyp berildi
Pablo Pikassonyň eserleri 110 million dollara satyldy