Karlowy Wary şäherinde 58-nji halkara kinofestiwaly açyldy

Karlowy Wary şäherinde 58-nji halkara kinofestiwaly açyldy

Çehiýanyň Karlowy Wary şäherinde 58-nji halkara kinofestiwaly öz işine başlady diýip, 24KZ habar berýär. Açylyş dabarasynyň myhmany görnükli aktýor we režissýor Wiggo Mortenson boldy, ol tomaşaçylara Ýüzükleriň hökümdary filmler tapgyrynda Aragornyň keşbi bilen tanyşdyr.

Bu gezek Çehiýanyň şäherinde bütin dünýäden 200 sany film bilen tanyşdyrylar.

Kinofestiwalyň Hrustal globus baş baýragyna 12 film dalaş edýär. Ýeňiji öňdäki şenbede kinofestiwalyň ýapylyşynda yglan ediler. Kinofilmleriň görkezilişinden başga-da şüweleňiň dowamynda fotosuratlaryň sergisi, konsert çykyşlary bolar. 1956-njy ýyldan bäri Karlowy Wary kinofestiwaly Kann we Wenesiýa ýaly halkara kinofestiwallarynyň derejesinde abraýdan peýdalanýar.

Ýene degişli makalalar

Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
"Amazon" taryhda iň gymmat serialy surata düşürer
Tolkiniň eseri neşir ediler
Täze Zelandiýada “Ýüzükleriň hökmürowany” serialynyň surata düşürilişi tamamlandy
Bägülüň ruhy 26,6 million dollara satyldy
Bedewler hakynda surata düşürilen dünýä belli filmleriň hatarynda ýatlanmaga has mynasyplary hökmünde şulary agzamak bolar: