Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaraz Londona geçirilen abraýly Queenʼs Club ATP turnirinde ýeňiş gazandy. Ýeri gelende bellesek, bu üstünlik Karlos Alkarazyň otly kortlardaky ilkinji çempionlygydyr.
Ispaniýaly tennisçi ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda awstraliýaly Aleks De Minaura garşy korta çykdy. 1 sagat 36 minut dowam eden final oýny 6:4, 6:4 hasabynda ispaniýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy.
Karlos Alkaraz bu çempionlyk arkaly 500 reýting utugyna we 477 müň ýewro möçberde pul baýragyna mynasyp boldy. Ikinji orny eýelän De Minaur bolsa 300 reýting utugyny hem-de 220 müň ýewro pul baýragyny gazandy.
Maglumat üçin, Londonaky ýeňişden soňra Alkaraz ATP reýtinginde Nowak Jokowiçen ozup, ýene birinji orna dolandy.