UEFA tarapyndan berilýän Erkek futbolynda 2022/22-nji ýyllaryň futbol möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýen ada Madridiň Realynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti mynasyp boldy.
Italiýaly tälimçi geçen möwsümde Çempionlar ligasynyň kubogyna dördünji gezek mynasyp bolan ilkinji tälimçi hökmünde taryha girdi. Ses berlişikde kärdeşleri we žurnalistler oňa 526 utuk berdiler.
Ikini orny 210 utuk bilen Liwerpulyň baş tälimçisi Ýurgen Klopp, üçünji orny bolsa 108 utuk bilen Mançester Sitiniň baş tälimçisi Hosep Gwardiola eýeledi.
Ses berlişge Ýewropa kuboklarynyň geçen möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eden klublaryň baş tälimçileri we ESM tarapyndan akreditirlenen žurnalistler gatnaşdy.