Futbol taryhynda iň üstünlikli tälimçileriň biri bolan Karlo Ançelotti Madridiň “Realyndaky” işinden soň karýerasyny tamamlar. Bu barada 63 ýaşly italiýaly “II Messaggero” gazetine gürrüň berdi diýip, sportrbc.ru belleýär.
Ançelotti 2021-nji ýylyň tomsunda karýerasynda ikinji gezek “Reala” ýolbaşçy boldy, onuň şertnamasy ýene iki ýyl hereket eder.Geçen möwsüm ol klub bilen Ispaniýanyň çempionatynda we Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy.
Ançelotti tälimçi hökmünde taryhda ilkinji bolup dört Çempionlar ligasynda / Ýewropa çempionlarynyň kubogynda ýeňiş gazandy.Tälimçi hökmünde “Milan” (2003, 2007) we “Real” (2014, 2021) bilen iki gezek kubok aldy.
Ol geçen möwsüm tälimçi hökmünde geçirilen Çempionlar ligasynyň finalynyň sany boýunça rekordy täzeledi (5).Ançelotti tälimçi hökmünde öňdebaryjy 5 Ýewropa çempionatynyň ählisinde ýeňiji boldy (Angliýa, Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa, Fransiýa), bu öň hiç kime başartmandy.
Ol “Realdan” we “Milandan” başga-da, Italiýanyň “Rejana”, “Parma” we “Ýuwentus”, Angliýanyň “Çelsi” we “Ewerton”, Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” we Germaniýanyň “Bawariýa” klubuna ýolbaşçylyk etdi.