Karl Nehammer Awstriýanyň täze kansleri bolar

Karl Nehammer Awstriýanyň täze kansleri bolar

Syýasatçy Karl Nehammer Awstriýanyň halk partiýasynyň başlyklygyna saýlandy we ol ýurduň täze kansleri bolar, bu barada 3-nji dekabrda ýerli “Krone” gazeti habar berdi.

Munuň öňüsyrasy Awstriýanyň maliýe ministri we Halk partiýasynyň başlygy Gernot Blýumel iş başyndan gitdi, şol gün şeýle hem ýurduň öňki kansleri Sebastýan Kurs “Ýaşyllar” bilen koalisiýadaky bu partiýanyň ýolbaşçysy wezipesini tabşyryp, syýasaty bütinleý terk edýändigini habar berdi.

Munuň yzýany ýurduň häzirki kansleri Aleksander Şallenberg hem bu wezipäni tabşyrmak islegi barada resmi beýanat berdi, ol muny partiýanyň federal öňbaşçysy wezipesine taýýar däldigi bilen delillendirdi.

Şallenbergi bu wezipä 10-njy oktýabrda ýurduň federal prezidenti Aleksander Wan der Bellen kasam kabul etdiripdi. Şonda Şallenberg özünden öňki kansleriň, ýagny partiýadaşy Kursuň syýasy ugruny dowam etdirmekçidigini wada beripdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler
16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
“Liwerpul” 10-njy gezek finalda çykyş eder
Çehiýa Russiýanyň ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy
FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi