Karl III täç geýdirildi

Beýik Britaniýanyň Koroly Karl III-e Londonyň Westminster abbabtlygynda täç geýdirildi. Iki sagat dowam eden dabarada, Angliýa kelisesiniň ruhy ýolbaşçysy Kanterberiniň arhiepiskopy Jastin Welbi keramatly Eduardyň täjini hökümdaryň kellesine geýdirdi.

400-den gowrak gymmatbaha daş bilen bezelen, agramy 2,2 kilogram bolan täç XVII asyrda sap altyndan ýasalyp, London diňinde aýawly saklanýar. Ol Karl II-den (1630-1685) bäri ähli iňlis monarhlarynyň täç geýdiriliş dabaralarynda ulanylýar. Kanterberiniň arhiepiskopy monarhyň kellesine täç geýdirip, apbatlygyň 2,2 müň myhmanynyň ählisiniň gaýtalamagynda “Hudaý Koroly öz penaňda sakla” sözlerini aýtdy.

Täç geýdirmegiň hormatyna tutuş ýurtda artilleriýa salýutlary atyldy. Ol Korollygyň 13 sebitinde 400-den gowrak harby işgär tarapyndan amala aşyrylýar. Londonda, Belfastda, Kardifede, Edinburgda, şeýle hem Korol deňiz flotunyň gämileriniň bortundan 21 gezek zalp bilen salýut atyldy. London diňiniň golaýyndan geçýän Temza derýasynyň kenaryndan we atly gwardibýanyň parad meýdançasyndan hem 62 gezek zalp bilen salýut atyldy.

Ýene degişli makalalar

Karl III doglan gününi belledi
Bütin dünýäde internet ulgamlarynda näsazlyklar bar
Edinburgyň gymmat festiwaly 75 ýyllygyny belleýär
Çagalykda saz öwrenmek beýnini güýçlendirýär
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi
Emeli aň giňden ýaýraýar