Karl III Samoa baran ilkinji iňlis patyşasy boldy

Karl III Samoa baran ilkinji iňlis patyşasy boldy

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III Iňlis Milletler Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin Ýuwaş ummanyndaky Samoa bardy. Şeýlelikde ol bu ýurda baran ilkinji iňlis patyşasy boldy. “Samoa Observer” gazetiniň habaryna görä, Patyşa Karl III we onuň aýaly Kamilla Samoanyň hökümet başlygy Fýame Naomi Mataafa we beýleki döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Iňlis patyşasy saparynyň çäklerinde 25-nji we 26-njy oktýabrda Arkalaşyga agza ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçiriljek sammite başlyklyk eder.

Karl III 18-nji oktýabrda Awstraliýa barypdy. Ol bu ýurtda 5 günlük saparda bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Karl III Awstraliýanyň özbaşdaklygyna garşy bolmajakdygyny söz berdi
Dünýäde Täze ýyly ilki bolup, Kiribati garşylady
14-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
17.08.2017 | Aşgabatda “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi geçirildi
15.09.2017 | Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň otuzysynyň baýdaklary galdyrdy