Karl III Awstraliýanyň özbaşdaklygyna garşy bolmajakdygyny söz berdi

Karl III Awstraliýanyň özbaşdaklygyna garşy bolmajakdygyny söz berdi

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III eger Awstraliýa monarhiýany ýatyryp, öz ornuna döwlet Baştutanyny saýlasa, goşulmajakdygyny söz berdi diýip, lbc.co.uk portaly ýazýar.

Şu hepdede Patyşa Karl III Okeaniýa ýurtlaryna sapar bilen barar. Onuň ýanynda Şa aýal Kamilla hem bolar. Patyşa sekiz günlük saparynyň dowamynda Awstraliýadan başga-da Samoa adasyna barar we ol ýerde geçjek Britan Arkalaşygy ýurtlarynyň Hökümet başlyklarynyň duşuşygyna gatnaşar.

Awstraliýanyň respublikan hereketi Patyşanyň saparynyň öňüsyrasynda Bukingem köşgüne duşuşyk barada haýyş bilen hat ýollady. 1999-njy ýylda Awstraliýada raýatlaryň arasynda monarhiýany ýatyrmak barada sala salşyk geçirildi. Onda raýatlaryň 55 göterimi garşy ses berdiler.

Emma soňky ýyllarda bu mesele ýene-de ýörgünli bolup başlady. Respublikaçylar Ýelizaweta II ornuna Karl III tagta çykandan soňra awstraliýalylar üçin öz döwlet Baştutanyny bellemegi üçin amatly pursadyň gelendigini nygtaýarlar. Bu barada rg.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Karl III Samoa baran ilkinji iňlis patyşasy boldy
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Beýik Britaniýanyň Şasy Fransiýa we Germaniýa sapar gurar
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi, Serdar Berdimuhamedow patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy, FlyDubai Dubaýdan Aşgabada uçuşlaryň sanyny artdyrdy we beýleki habarlar