Karaman Başýaýla Garyn Gaýmagy

Karaman Başýaýla Garyn Gaýmagy

Türkiyäniň günortasyndaky Toros daglarynyň eteklerinde ýerleşýän Karaman welaýatynyň Başýaýla etraby diýseň üýtgeşik bir mesge ýagyna adyny berdi.Başýaýla etrabynyň Oba hojalyk müdürliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2023-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Karaman Başýaýla Garyn Gaýmagy geçiniň ýa-da goýunyň garnynyň içine goýulyp taýarlanýar.

Sygyr, gäwmiş, geçi ýa-da goýunyň süýdünden taýarlanýan gaýmak üçin garyn 2-3 aý öňünden arassalanyp taýar ýagdaýa getirilýär. 1 kg gaýmak almak üçin 25 kg süýt ulanylýan önümiň taýarlanmagynda ýörite usullar ulanylýar. Önümçiligiň ilkinji tapgyrynda süýt sagylanyndan soň ilki bilen süzülýär, ondan soň gazanda gaýnadylyp üstünde emele gelýän gaýmak wagtal-wagtal alynýar.

Içine az mukdarda duz goşulyp ýugrulýan gaýmak, sowuk ýerde birnäçe wagt garaşdyrylanyndan soň, arassalanan garynyň içine boşluk bolmajak ýagdaýda goýulýar.Karaman Başýaýla Garyn Gaýmagy bilen doldurylan garynyň agzy ýüp bilen dikilip, berk ýapylýar we azyndan 2 aý möhlet bilen çyglylyksyz bir gurşawda, sowuk howa ammarynda taýarlanmagy üçin goýulýar.

Taýarlanyş möhledi tamamlanmagyndan soň gaýmak garyndan doly çykarylýar we degişli gaplara goýulyp sarp edilmek üçin hödürlenýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY BOLAN 2021-NJI ÝYLY GELJEGE YNAM BILEN GARŞYLADY
01.01.2021 | TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY BOLAN 2021-NJI ÝYLY GELJEGE YNAM BILEN GARŞYLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
31.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
Bathyz ösümlik dünýäsine baý