Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Garadagyň Prezidenti Ýakow Milatowiç bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.
Şu ýyl Türkiýe bilen Garadagyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 145 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini aýdan Erdogan, Milatowiçiň Türkiýä guran ilkinji saparynyň ýokary gatnaşyklaryň görkezijidigini nygtap: “Duşuşykda özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alyp maslahatlaşdyk.
Gelejekde iş ýüzüne geçiriljek işleri seljerdik.Gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy maksady bilen Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň döredilmegi boýunça karar kabul etdik.Sebitara we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk.
Balkanlaryň durnuklylygyna uly ähmiýet berýändigimizi nygtadyk.Pursatdan peýdalanyp Türkiýe hökmünde dini we etniki mozaika bolan Balkanlaryň durnuklylygyna, asudalygyna we jebisligine uly ähmiýet berýändigimizi ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin” diýdi.
Türkiýäniň demirgazgyndan günortasyna çenli uzap gidýän giň sebitiň parahatçylygynyň, asudalygynyň we durnuklylynyň diýseň möhümdigini nygtan Erdogan “Hem bize hem-de Garadaga ýaramaz täsirini ýetiren Russiýa-Ukraina söweşinde başyndan bäri parahatçylyga goldaw berýändigimizi nygtaýarys.
Ysraýylyň Gaza we Liwana guraýan hüjümlerine garşy hem tutanýerli tutum alyp bardyk.Liwanda gazanylan ylalaşyga goldaw berýändigimizi açyk aýdyň beýan etdik.Gazada hem gyssagly hüjümleriň bes edilmegini umyd edýäris.
Sebitimizdäki ýangynyň söndürilmegi üçin Türkiýe hökmünde öz üstümize düşýän jogapkärçiligimizi ýerine ýetirmäge taýar.Soňky birnäçe günden bäri goňşymyz Siriýada garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykan wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Ýurdumyzyň milli howpsuzlygyna zeper ýetirip biljek haýsydyr bir wakanyň başdan geçirilmezligi bilen degişli çäreleri görýäris” diýip belledi.