Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 23-nji bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen bilelikde.Gepleşigimiziň öňki bölüminde häzirki wagtda gepleşilýän türk şiweleriniň arasynda düşünişmek taýdan häzirki Türkiye türkçesine iň uzak hökmünde kabul edilýän, emma daşary ýurt bolmandygy subut edilen dilde gepleşýän Çuwaş türkleri, Çuwaş türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Çuwaş türkçesi barada gürrüň beripdik.
Indi bolsa Kawkaz daglarynyň iň beýik depesi bolan Elbrus (Mingi Taw) dagynda we onuň töweregindäki beýik daglyk sebitde ýaşaýan we 20-nji asyrdan soň iki tapawutly at bilen atlandyrylmaga başlanan Karaçaý-Balkar türkleri, Karaçaý-Balkar türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Karaçaý-Balkar türk dili barada gürrüň bereris.
Karaçaý türkleri we Balkar türkleri diýlip iki aýratyn halk hökmünde görkezilmäge çalyşylýan Karaçaý-Balkar türkleri, hakykata garanyňda bolsa bir dili, bir medeniýeti we bir taryhy paýlaşýan bir türk taýpasydyr.
Karaçay-Balkar türkleri taryh boýunça Kawkaz sebitinde agalyk eden kimmer, skif, hun, bolgar, alan, hazar we gypjak ýaly hindi-ýewropa, proto-türk we gadymy türk kowumlary bilen tapawutly Kawkaz halklarynyň etniki we sosial-medeni birleşmesinden emele gelipdir.
Özlerine “Tawlu” ýagny “Dagly” adyny beren Karaçaý-Balkar türkleri öz aralarynda özlerini ýaşaýan jülgeleriniň adyna görä ýagny, Karaçaýlylar, Bashanlylar, Çegemler, Holamlylar, Bazyngylylar we Balkarlylar ýaly toparlara bölýünärler.SSSR, Ýewropa bilen Türkiye türkologiýa edebiýatynda “Balkar”; olaryň öz aralarynda bolsa “Malkar” diýlip atlandyrylýan bu etniki at, Karaçaý jülgesiniň çäkleriniň daşynda ýaşaýan Bashan, Çegem, Holam, Byzyngy we Balkar jülgelerinde ýaşaýan türkleri umumy bir at bilen jemlemek isleýän Sowýet Soýuzy tarapyndan berlipdir.
Bäş aýratyn jülgede ýaşaýan we umumy etniki köke, taryha, medeniýete hem-de dile eýe bolan bu türkler Russiýa Patyşalygy döwründe “Bäş Dag Jemgiýeti” manysyny berýän “Pýat Gorskih Obşestw” ady ulanylýardy.
Sowet häkimiýeti döwründe Elbrus (Mingi Taw) dagynyň günbatar eteginde ýerleşýän we Karaçay jülgesinde ýaşaýan türk taýpa-tireleri Karaçay-Çerkez Awtonom sebitiniň çäginde; şol bir dagyň gündogar eteginde ýerleşýän Bashan, Çegem, Holam, Byzyngy we Balkar jülgelerinde ýaşaýan türk taýpa-tireleri bolsa Kabardin-Balkar Awtonom Respublikasynyň çäginde birleşdirildi. Şol wagtdan başlap bu sebitiň türkleri ylmy edebiýatda Karaçay-Malkar ýa-da Karaçay-Balkar türkleri diýlip atlandyrylmaga başlandy.
Taryh sahypalarynda Kawkaz ýeriniň iň medeniýetli, iň owadan we mongol kowumlary bilen garylmaýan jemgyýet hökmünde tanalan Karaçay-Balkar türkleri häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň düzümindäki Karaçay-Çerkes we Kabardin-Balkar respublikalarynda ýaşaýarlar.
Ikinji Jahan Uruşy döwründe ýüze çykan sürgün sebäpli Karaçay-Balkar türkleri Russiýa Federasiýasyndan daşary, esasanam, Gyrgyzstan, Gazagystan, Özbegistan we Türkiye ýaly ýurtlara göçürildi.Karaçay-Balkar türkleriniň umumy ilatynyň häzirki wagtda 350 müň töwerekdigi çak edilýär.
Geografik bölünişik sebäpli aýratyn halklar düşünjesi guýulan Karaçay-Balkar türkleri, ýokarda hem agzalyşy ýaly, aslynda etniki köki, dili, medeniýeti we taryhy taýdan biri-birinden tapawutlanmaýar.Häzirki wagtda iki aýratyn syýasy çäklerde ýaşaýan bu toplumlar taryh boýunça biri-biri bilen ýakyn gatnaşykda bolup, umumy medeniýet we dil mirasyny eýe bolupdyrlar.
Emma taryhy we syýasy üýtgeşmeleriň netijesinde tapawutly atlar berilip Karaçaýlylar we Balkarlylar hökmünde atlandyrylmaga başlanypdyr.Bu bölünişik, esasan hem syýasy serhetler, dolandyryş ulgamlary we geografik tapawutlar sebäpli bolupdyr.
Karaçay-Balkar türkçesi häzirki zaman türk diliniň geografik we lingwistik esaslaryna görä Demirgazyk-Günbatar ýa-da Gypjak toparyna degişli bolup, şol bir diliň Karaçaý we Balkar sebitlerinde gepleşilýän iki görnüşinden ybaratdyr. Şol iki sebitde gepleşilýän dilleriň arasyndaky tapawutlar esasan sebitleýin we fonetiki derejededir.
Emma olar syýasy taýdan iki dürli geografiki serhetleriň çäginde ýerleşýändigi sebäpli iki aýratyn dil hökmünde hasap edilipdir we sebitleriň ikisinde-de resmi dil statusy berlipdir.Has aýdyňlaşdyrmak islesek, Karaçay türkçesi Karaçay-Çerkes Respublikasynda rus dili bilen bilelikde; Balkar türkçesi bolsa Kabardin-Balkar Respublikasynda rus dili we Kabardin dili bilen bilelikde resmi dil statusyna eýedir. Şoňa garamazdan Karaçay-Balkar türkçesiniň işjeňligi, gepleşilýän geografiýada esasanam rus diliniň täsiri astynda bolup, bilim ulgamynda esasan başlangyç mekdep derejesinde ulanylýar.
Mundan başga-da, ýerli gazetlerde, radio we telewideniýe gepleşiklerinde-de giňden ulanylýar.Günlük aragatnaşykda giňden ulanylýan Karaçay-Balkar türkçesi sebit aýratynlygynyň möhüm bir bölegi ýagdaýyna öwrüldi.