Kappadokiýa Geçen Ýyl 1 Million 351 Müň 763 Syýahatçy Geldi

Kappadokiýa Geçen Ýyl 1 Million 351 Müň 763 Syýahatçy Geldi

2024-nji ýylda Kappadokiýa gelen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13,5 göterim artyp 1 million 351 müň 763 adama ýetdi.

Newşehiriň häkimi Ali Fidan, Göreme etrapçasynyň Aşyklar depesinde beren beýannamasynda, tebigaty, taryhy we medeni gymmatlyklary bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän Kappadokiýa 2024-nji ýylda gelen syýahatçylaryň sanynyň gün saýyn artýandygyny aýtdy.

Fidan, sebitdäki muzeýlere we taryhy ýerlere geçen ýyl 4 million 374 müň 19 syýahatçynyň gelip görendigini ýatlatdy.

Ali Fidan sebite iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Ispaniýanyň, Hytaýyň, Günorta Koreýanyň, Italiýanyň we ABŞ-nyň esasy rol oýnaýandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Kappadokiýa 10 Aýda 4 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi
8-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Filmfare 2024 baýraklary gowşuryldy
Gezerawjynyň älem syýahaty tamamlanyp barýar
Gülli Aýyň ganhorlarynyň ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl