Kapadokiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynda duşuşyk geçirdiler

Kapadokiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynda duşuşyk geçirdiler

Türkiýäniň Kapadokiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyna baryp gördüler. Uniwersitetiň wekilleri uniwersitetiň işi barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mekan Işangulyýew bilen söhbetdeş boldular. Bu barada FIB Haber ýazýar.

Saparyň dowamynda uniwersitetiň wise-rektory Wasile Şenol uniwersitetiň akademiki işleridir ýöredýän syýasaty barada jikme-jik maglumat berdi. Uniwersitetiň fakultetleri, umumy ýaşaýyş jaýlary, olaryň aýratynlyklary hem-de magistratura we doktorantura derejelerinde bilim berlişi barada giňişleýin durlup geçildi. Türkmen diplomatlary uniwersitetde alnyp barylýan ylmy işler, munuň üçin döredilen mümkinçilikler, talyp hakly okuwlaryň hödürlenişi bilen tanyş boldular.

Kappakodiýa uniwersitetiniň ýaşlara ýokary bilim bermekde daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy bellendi. Açyk maglumat çeşmelerine görä, Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde 15 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar.

Ýene degişli makalalar

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda 'halkyň sesi hökmünde tanalýar', diňleýjiler goldaw beýan edýär
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Halkara gatnaşyklarymyz ösdürilýär
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Studentleriň okuwdan boş wagtyny geçirişine, başy tahýaly bolmagyna gözegçilik edilýär
Filmfare 2024 baýraklary gowşuryldy
Gezerawjynyň älem syýahaty tamamlanyp barýar