“Kanunym hem baýdagym, asudalygym hem baýlygym ”

“Kanunym hem baýdagym, asudalygym hem baýlygym ”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 47-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Kanunym hem baýdagym, asudalygym hem baýlygym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramynyň bilelikde bellenmegi halkymyz üçin bularyň ikisiniňde mukaddeslikdigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky ýaşaýşyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren ýaşyl Tugumyz dünýä ýüzünde barha belentde parlap, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, dünýä derejesinde gazanýan ajaýyp üstünliklerini äleme ýaýýandygyny, ýaşyl tugumyzyň dürli asyrlarda geçen ýoly, gelip çykyşy barada uly buýsanç bilen bellediler.

Baş Kanunymyz hasaplanýan Konstitusiýamyzyň halkymyzyň öz ykbalyny kesgitlämäge bolan mizemez hukugymyza esaslanýandygyny, Watanymyzyň häzirki we geljekki ykbaly üçin jogapkärçiligimizden ugur alyp ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňuşykly ýaşamagy ündeýän wesýetlerine wepalydygymyzy we umumadamzat gymmatlyklarymyza ygrarlylygymyzy beýan edip, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge halk häkimiýetini hem-de demokratik, huhuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek maksady bilen şu kanunymyzyň kabul edilendigini uly buýsanç bilen bellediler. Çäräniň dowamynda ýaşyl Tugumyzy, baş Kanunymyzy wasp edýän, goşgular we aýdymlar ýerine ýetirildi we baýramçylyga bagyşlanyp gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşamaga döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Mähribanlyk, parahatlyk Tugy sen!
Özbegistanyň daglarynda Ýüpek ýolunyň ýiten şäherleri tapyldy
“Baýdagym-buýsanjym, Kanunym bagtym”
Türkmenabatdaky Beýik Watançylyk urşy muzeýinde baýram mynasybetli medeni çäre geçirildi
Goşa gymmatlygymyz halkymyzyň buýsanjy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy