Kanun öňündäki deňlik üçünji prezident döwründe-de 'bolmajaga meňzeýär'

Kanun öňündäki deňlik üçünji prezident döwründe-de 'bolmajaga meňzeýär'

Türkmen häkimiýetleriniň Mary welaýatynyň öňki häkiminiň ilki uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigi, soň deslapky tussaghanadan boşadylyp, birnäçe günläp sadaka berendigi barada çykan habarlara hiç bir düşündiriş bermezligi ýurtda kabul edilen kanunlaryň hemmeler üçin deňdigi barada aýdylýanlaryň üçünji prezident döwründe hem 'erteki' bolup galmak ähtimallygy baradaky aladalary güýçlendirdi.

Döwrangeldi Annaberdiýew iýul aýynda wezipesinden boşadylyp, hökümet maslahatynyň geçirilýän jaýyndan kowuldy.Onuň 'işinde goýberen düýpli kemçilikleri' baradaky habary gyssagy bilen ile ýetiren TDH soňky habarlary agzamaýar.

Azatlyk Türkmenistanda kanunlaryň öňündäki deňlik meselesi barada ýaşuly aktiwist Nurmuhammet Hanamow we birnäçe raýat bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş boldy.

Anonimlik şertinde pikirini aýdan raýatlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda adamlaryň kanun öňünde deň bolmalydygy ýa-da deň bolup biljekdigi hakynda gürrüň edýän-de, şeýle gürrüň edilse, oňa ynanjak hem ýok. Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz türkmen kanunlarynyň puluň, paranyň ýa-da ýokardan, täsirli adamlardan gelen telefon jaňlarynyň öňünde gaty ejiz görünýändigini’ bellediler.

Aýdylmagyna görä, kanunyň ejizligi ýa-da işlemezligi Türkmenistanda dörän sosial gatlaklaryň arasyndaky uly tapawut, metbugatyň ýapyklygy, kazylaryň garaşsyz işläp bilmezligi bilen bagly.

“Türkmenistanyň halky "baýlar, gurply adamlar” diýilýänler bilen "garyplara” bölünýär we soňky onýyllyklarda bu iki sosial gatlagynyň arasyndaky tapawut örän ulaldy” diýip, golaýda Aşgabada baryp, ene-atasynyň halyndan habar alan ýewropaly türkmen bu ýagdaýyň soňky on ýylda gaty agyrlaşandygyny öňe sürdi.

Ýöne ýurtda açyk pikir sorap ýa başga bir görnüşde barlag geçirmek we ilatyň näçe göteriminiň garyplyk derejesinden aşakda, näçe göteriminiň orta gatlak ýa ýokary gatlak derejesinde ýaşaýandygyny kesgitlemek häzirlikçe mümkin bolup görünmeýär.

Şol bir wagtda, ýaşaýan jaýlaryndan, münýän awtoulaglaryndan, tutýan toýlaryndan we beýleki çykdajylaryndan, söwda merkezlerinde, restoranlarda harçlaýan pullaryndan görnüşine görä, baý ýa-da gurply hojalyklar ilatyň garyplykda ýaşaýan aglaba köplügi bilen deňeşdirilende örän az bolup görünýär, bu täze we has kaşaň söwda merkezleri, restoranlar, toý mekanlary ýa ýokary amatlykly jaýlar gurulsa-da, olary ulanyp biljek adamlaryň gaty az boljakdygyny görkezýär diýip, 35 ýaşyndaky ýewropaly türkmen Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy we bu deňsizligiň kanunlaryň dogry-düzüw berjaý edilmegine örän ýaramaz täsir ýetirýändigini hem öňe sürdi.

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen gürleşen ýaşaýjylaryň köpüsi kanunlaryň esasan ýokary wezipeli adamlaryň garaw görmezligi sebäpli işlemeýändigini aýdýarlar.

“Prezidentiň tohumy bilen ilteşikli adamlara ýokary gatlak, baýlar we gurply hojalyklar diýilýär. Hukuk goraýjylar baýlaryň eden islendik eden-etdiligini höwes bilen gizlinlikde saklap, olary islendik günäden aklap bilýärler” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, baý hasaplanylýan adamlaryň çagalary hatda adam öldürse-de, ölen adamyň özüni günäkär edip, baýlaryň çagalaryny aklap, türme tussaglygyndan arkaýyn boşadyp bilýärler.

“Bizde hiç bir kanun baýlar üçin däl, kanunlar diňe garyp, ýeňiýoluk adamlara degişli bolup durýar” diýip, adynyň, ýaşaýan ýeriniň agzalmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.

Raýatlaryň kanun öňündäki deňliginiň saklanmazlygy, dürli döwürlerde gelip gowşan habarlara görä, iş, biznes pudagyna, telekeçilik, hususy iş bilen meşgullanýan we hem özi, hem başgalar iş ýerini döredýän dogumly adamlara hem ýaramaz täsir edýär.

Bazar ykdysadyýetine geçilmegi adamlary döwlet işine, gyradeň aýlyga daňylmakdan halas eder, özbaşdak işläp bolar öýdüpdik, emma bu bolmady diýip, Türkiýä göçen öňki telekeçi aýtdy.

Bu aýdylýany ýerli ýaşaýjylar hem tassyklaýar.

“Öz işini açyp, özbaşdak galmakçy bolýan adamlar, edýän ýa-da etmekçi bolýan işlerini şol ýokary gatlakdaky adamlar bilen ylalaşmasalar, onda olary dessine ýönekeý gatlakdaky adama, käte garyp hojalyga öwürýärler, ellerinden zatlaryny, pullaryny alýarlar, töhmet atyp, özlerini türme tussaglygyna ugradýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, kanun goraýjylar diňe baý diýilýän adamlaryň özlerinden däl, olaryň beýleki maşgala agzalaryndan, dogan-garyndaşlaryndan hem gaty çekinýärler.

“COVID-19 döwründe şaýat bolan ýagdaýymy mysal getirsem, muny bu döwri gören adamlaryň hemmesi tassyklarmyka diýýärin.Eger-de garyp adam golaýdaky kanun wekilini görmän, maskasyny suw içmek üçin aşak düşüren hem bolsa, jenaýatçy tutan ýaly, elini arkasyna towlap, ony polisiýa bölümine alyp gidýärdiler.

Ol ýere eltilen adamlar jerimesiz sypmaýardy.Baý diýilýän adamlar bolsa, asla maska dakynmady.Eger hukuk goraýjylar bir zat diýmekçi bolsa, olary kemsidip, işden kowduran halatlary hem boldy” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, bu hili ýagdaýa düşen polisiýa işgärleriniň birnäçesi soň tanyş tapyp, ýangyn söndüriji bolup, zordan başga işe ýerleşdi.

Şeýle-de, COVID-19 döwründe toý, ýas, sadaka ýaly çärelerde adam üýşürmäge girizilen gadaganlyk diňe garyplara girizilen gadaganlyk boldy, baýlara degişli bolmady, muny häkimiýetler gizläp hem durmady diýip, raýat aýtdy.

“Gadaganlygy bozup, garyplar toý etse, toýa baranlaryň baryny polisiýa bölümine äkidip, uçdantutma jerime ýazdylar.Olara indi toý, sadaka edip, adam üýşürmejekdigi’ barada düşündiriş ýazdyrdylar.Toý bagşylarynyň käbiri çörek tapman, saz gurallaryny satmaly boldy.

Emma baýlar şol döwürde hem arkaýyn toý tutup, ýasyna adam ýygnap bildi.Hatda bagşysyny daň atýança aýdyma gygyrdyp, şagal mesligini eden adamlar hem boldy.Emma hiç bir hukuk goraýjy olaryň gapysyndan baryp, toýuny bes et diýip bilmedi, gaýta häkimlik işgärleri, hukuk goraýjy edaralaryň ýokary wezipeli işgärleri şol baýlaryň toýuna gatnaşdy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli ady, ýaşaýan ýeri aýdylmaýan ýaşaýjy gürrüň berdi.

“Polisiýa işgärleriniň baý adamlar tarapyndan urulýan ýerleri hem boldy, hiç kim hiç zat etmedi, bolan wakany halkdan ýaşyrmaga, gizlemäge çalyşdylar. Emma halkyň gözi bar, bolan işi görenler, şaýat bolanlar boldy, bu zatlar häkimiýetleriň kanuny sylamaýandygyny görkezýär, ýolbaşçylara bolan ynamy azaldýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Ozalky diplomat, häzir Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhamet Hanamow Türkmenistanda türmeleriň we kanunlaryň raýatlary gorkuzmak, syýasatdan daşda saklamak üçin bikanun ulanylýandygyny öňe sürýär.

Onuň pikiriçe, bu praktika 1990-njy ýyllaryň başynda Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ulanyldy we soňra ikinji prezident tarapyndan dowam etdirildi.

Marynyň öňki häkiminiň türmä basylandygy we soňra birden azatlyga çykandygy baradaky maglumatlar bolsa, ýaşuly aktiwistiň pikiriçe, bu ýerde paranyň ýa-da prezidentiň sözüniň kanun bolandygyny, öňki resminiň hossarlarynyň Serdar Berdimuhamedowyň dilini tapandygyny’ aňladýar.

Maglumat üçin aýdylsa, ozalky türkmen resmisiniň açyk aýdylmadyk türme’ hekaýasy türkmen türmeleriniň giňeldilýändigi baradaky täze hasabatyň çap edilen wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistan "Bütindünýä Adalat Taslamasy” (World Justice Project) atly halkara guramasynyň 2015-nji ýyldan bäri çap edýän Hukuk hökmürowanlygy indeksine bir gezek hem girizilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy
2022-nji ýylda geçiriljek Ýewrowideniýä ilkinji gatnaşyjy belli boldy
Steam platformasy 27,1 milliondan gowrak onlaýn ulanyjy bilen täze rekord goýdy
ABŞ-nyň käbir ştatlary Google-y suda bermäge synanyşarlar
“Network Project Lojistik A.Ş” Özbegistandaky gurluşyklara ýükleri Türkmenistandan üstaşyr daşaýar
The New York Times Pulitser baýragyny aldy