Kanpurda 89 Adamda Ziku Wirusynyň Bardygy Anyklandy

Kanpurda 89 Adamda Ziku Wirusynyň Bardygy Anyklandy

Kanpurda işleýän lukman Nepal Sing sebitde wiruslylaryň sanynyň artýandygyny beýan edip, şäherde 17 sanysy çaga, 89 adamyň Zika wirusy testiniň pozitiw çykandygyny aýtdy.

Sing, pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin toparlaryň döredilendigini habar berdi.

Uttar Pradeş welaýatynyň Premýer-ministri Ýogi Aditýanat ýokanjyň şäherde çaltlyk bilen ýaýraýandygyny beýan edip, degişli edaralara arassaçylyk işleriniň depginini güýçlendirmek üçin görkezme berdi.

Sebitdäki saglygy goraýyş gullukçylary Kanpur şäherinde wirusyň ýokaşan ilkinji adamynyň 23-nji oktýabrda anyklanandygyny we wurusyň şol günden bäri artýandygyny beýan etdiler.

Zika wirusy adamlara “Aedes aýžypti” görnüşli çybynyň çakmagy arkaly ýokaşýar.

Adamlardan adama ýokaşýan, gyzdyrma, gözlerin gyzarmagy, gusma, deriniň soýulmasgy, kelle, myşsa we bogun agyrysy ýaly simptomlary bolan hassalygyň özüne mahsus bejergisi ýa-da öňüni alyjy sanjymy ýok.

Ýene degişli makalalar

Maýmyn Mamasy Wirusy Türkiýede Ýok
ABŞ-da Omikron Sebäpli 1600-dan Gowrak Uçar Sapary Bes Edildi
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili saglyk görkezmelerini berjaý etmegine ünsi çekdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
Germaniýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar