Hytaýyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçiligine italiýaly Fabio Kannawaro bellenildi. 45 ýaşyndaky tälimçi häzirki wagtda “Guangžou Ewergrand” toparyna-da tälim berip, ol bu ýerdäki işini hem dowam etdirer.
Dünýäniň iň ökde goragçylarynyň hatarynda görkezilýän Kannawaro “Parma”, “Inter”, “Real Madrid” we “Ýuwentus” toparlarynyň köýnekçesini geýipdi.Hytaýyň milli topary Aziýa Kubogyna gatnaşyp, çärýek finalda Eýrandan 30 asgyn gelipdi. Şondan soň tälimçi Marçelo Lippi wezipesinden boşadylypdy.
Tejribeli tälimçi Lippi mundan soň ýygyndynyň täze tälimçisiniň maslahatçysy bolup işlär.