Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady

Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Eýranyň hökümetine we halkyna garşy girizilen sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy Eýran bilen ýadro şertnamasyna gol çekenleriň arasynda dowam edýän gepleşikleriň esasy maksatlaryndan biridir.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" duşenbe güni žurnalistler bilen hepdelik duşuşygynda Eýrana garşy gazaply sanksiýalary ýatyrmak baradaky soňky gepleşikler barada beren gürrüňlerinde Eýranyň ýadro şertnamasy we sanksiýalary ýatyrmak bilen baglanyşykly jogapkärli rol oýnamagy üçin Eýran bu meselede öz pikirini gepleşikleriň koordinatoryna ýene bir gezek ýetirdi we bu mesele bilen baglanşykda beýleki taraplaryň jogaplaryna we esasanam Amerikan hökümetiniň jogabyna garaşýar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Daşary işler ministrliginiň gepleşiklerdäki iň möhüm buýrugynyň kepillik almakdygyny aýtmak bilen kepillik bolman ýagdaýynda islendik şertnama we waka emele gelýäse-de, ýene-de bozulyp biler diýdi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň metbugat sekretary Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň dowam etmegi barada gürrüň gozgap, Eýranyň ýadro işleriniň parahatçylykly tebigaty 2015-nji ýylda we ýadro şertnamasy baglaşyllan wagtynda tassyklandy diýmek bilen kepillik meselesiniň iki tarapy bar; Bir tarapy, Eýranyň ykdysady taýdan doly peýdalanmagy üçin sanksiýalaryň ýatyrylmagyny kepillendirmek, beýlekisi bolsa Halkara Atom Energiýasy Guramasyny syýasy hereketlerden uzaklaşdyrmak, sebäbi bu mesele bidüzgünçiliklere sebäp bolýar diýip sözlerine goşdy.

Ýene degişli makalalar

Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
Saud Arabystany demir ýollaryň uzynlygyny 8 müň kilometre ýetirmekçi
Kanani: Eýranyň üç adasy Eýranyň topragynyň aýrylmaz we baky bölegidir
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez
Soňky günlerde Tripolide bolan çaknyşyklara Eýranyň alada bildirmegi