Kanallar şäheriniň topary 20 ýyldan soň ýokary ligada

Italiýanyň çempionaty “Serie A” çykan soňky klub kanallar şäheri Wenesiýanyň adybir “Wenesiýa” topary boldy.

Soňky gezek 2001/2002 möwsüminde “Serie A”-da çykyş eden wenesiýalylar 5-nji gezek ýokary ligada oýnarlar.Topar “Serie B”-ni 5-nji hatarda tamamlap, pleý-off tapgyrynda ilki “Kiewony”, soňra “Leççeni” we finalda-da “Sittadellany” ýeňmegi başardy.

Wenesiýa topary öz duşuşyklaryny deňziň kenarynda ýerleşýän we 1913-nji ýylda gurlan 7500 janköýerlik Pierluiji Penzo stadionynda oýnaýar.

Paolo Zanettiniň tälim berýän “Wenesiýa” toparyndan ozal “Empoli” bilen “Salernitana” toparlary “Serie A” ýollanma alypdy. “Serie A”-dan bolsa, “Benewento”, “Krotone”, “Parma” toparlary aşaky liga düşüpdi.

Ýene degişli makalalar

“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri
“Atalantanyň” yzly-yzyna 11-nji ýeňşi, “Ýuwentusyň” 10-njy deňligi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
“Milanyň” öňki tälimçisiniň täze kluby