Kanadanyň wekili Margaret Maknil 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy.
Ýeňiji bu aralygy 55,59 sekuntda geçdi.Ikinji orny hytaýly Çžan Ýuýfeý (yza galyş 0,05), üçünji orny awstraliýaly Emma Makkeon (+0,13) eýeledi.Maknil 21 ýaşynda.
Mundan öň ol Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda kümüş medal gazanypdy.Maknil 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde 2019-njy ýylda dünýä çempiony boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda dünýä birinjilikleriniň iki bürünç medaly bar. 27 ýaşly Makkeon üçin bu baýrak Olimpiýa oýunlarynda altynjy boldy.
Ol 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda iki gezek Olimpiýa çempiony boldy.Awstraliýalynyň hasabynda 2016-njy ýyldaky Oýunlaryň iki kümüş we bir bürünç medaly hem bar. 23 ýaşly Çžan Ýuýfeý Olimpiýa oýunlarynda ilkinji baýragyny gazandy. 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde häzirki dünýä rekordynyň eýesi we 2016-njy ýylyň Olimpiýa çempiony şwesiýaly Sara Şýostrýom finalda ýedinji orny eýeledi. Ýüzmek boýunça ýaryşlar 2-nji awgustda tamamlanar.