Kanadada Huawei we ZTE kompaniýalarynyň önümlerini ulanmak gadagan edildi

Kanadada Huawei we ZTE kompaniýalarynyň önümlerini ulanmak gadagan edildi

Kanadanyň Innowasiýa, ylym we senagat işleri boýunça ministri Fransua-Filipp Şampan ýurtda Hytaýyň Huawei we ZTE telekommunikasion kompaniýalarynyň önümlerini we hyzmatlaryny ulanmagyň gadagan edilýändigini aýtdy. Muny gazeta.ru salgylanyp, Day.Az ýetirýär.

Şampanyň aýtmagyna görä, Kanadanyň hökümetiniň ýurduň çäginde hytaý kompaniýalarynyň önümlerini ulanmagy gadagan etmek baradaky karary howpsuzlyk meseleleri boýunça garaşsyz kompaniýalar tarapyndan düýpli öwrenilenden we Kanadanyň ýakyn ýaranlary bilen geňeşmeler geçirilenden soň kabul edildi. Beýanda Huawei-niň we ZTE-niň enjamyny eýýäm ulanýan kompaniýalara ony aýyrmagyň tabşyrylandygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Fransua Baýru Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy
Ikinji möhlet üçin kasam kabul etdi
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Hemmelere elýeterli ulag bolar
“Oskaryň” iki gezek eýesi edebi ogurlykda günäli diýlip ykrar edildi
Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy