Kanadada guş dümewiniň H5N1 görnüşi bilen kesellän ilkinji adam hasaba alyndy. Ol Britan Kolumbiýasy ülkesinde ýaşaýan ýetginjek diýip, sebitiň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Bonni Henri habar berdi. Bu barada CTV teleýaýlymyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Hassanyň takyk ýaşy habar berilmeýär. Ol häzir hassahanada agyr ýagdaýda. 8-nji noýabrda ol dümew alamatlary üsgülewük hem-de ýokary temperatura bilen hassahana eltildi.
Kanadanyň häkimiýetleri keseliň çeşmesini hem-de hassanyň gatnaşykda bolan adamlaryny anyklamak üçin derňew işlerini geçirýärler.