Kanadada Aşa Yssy Howa Sebäpli Adam Pidalary Artýar

Kanadada Aşa Yssy Howa Sebäpli Adam Pidalary Artýar

Şol sanyň adatdakysyndan üç esse ýokarydygy beýan edildi.

Britiş Kolumbiýanyň atly kazyýet lukmançylyk guramasynyň başlygy Lisa Lapoint beren beýannamasynda, ýylyň şu aýlarynda ýüze çykýan yssy howa tolkunlary sebäpli ştatda ortaça 165 adam pidasy çekilýän bolsa, şol sanyň artandygyny ýatlatdy.

Lapoint, yssy howa tolkunynyň höküm sürýän soky 5 gününde azyndan 486 duýdansyz ölümiň bolandygyny, onuň adatdakysyndan üç esse ýokarydygyny beýan etdi.

Lapoint beren beýannamasynda, görkezijileriň adam pidalarynda 195 göterimlik ýokarlamany aňladýandygyny nygtap, bellige alynan sanlaryň täze maglumatlaryň ulgama goşulmagyndan soň artmagyna garaşýandyklaryny aýtdy.

Bilermenler tarapyndan “ýylylyk gümmezi” häsýetlendirilýän aşa yssy, Britiş Kolumbiýa ştatynyň ýany bilen Alberta, Ýukon we Nortwest Territories ştatlarynda-da ýaramaz täsirini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Aşgabatda Boliwar Wenesuela Respublikasynyň täze bellenen ilçisi kabul edildi
Türkmenistanda Wenesuelanyň täze ilçisi işe başlady
Pedro Sançes gaýtadan tassyklandy
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Argentinanyň täze prezidenti