Goranmak ministri Anita Anand metbugata beren beýannamasynda “Ukraina birnäçe M-777 kysymly gaubisa ugratdyk” diýdi we mukdar hem-de beýleki detallar hakynda maglumat bermedi.
Anand Ukraina ýarag kömeginiň “Amerikan hyzmatdaşlar bilen bilelikde” berilendigini nygtady.
Premýer-ministri Jastin Trýuda hepdäniň başynda Ukraina üçin “agyr artilleriýa” atlandyrylan kömegiň berilmeginiň meýilleşdirilýändigini mälim edipdi, emma kömegin Kanadanyň goşuny tarapyndan beriljekdigini hakynda maglumat bermändi.
Trýuda çarşenbe güni bu barasyndaky soraga; “Olara näme bejekdigimiz we ony nähili ýetrjekdigimiz hakynda maglumat bermegim ýerlikli bolmaz” diýip jogap beripdi.
“JBS” habarlar ýaýlymy bolsa ady agzalmaýan çeşmeden alynan maglumata esaslanyp, Kanadanyň Ukraina 4 sany sähra artilleriýasyny ugradandygyny, ugradylan ok-därinin mukdarynyň bolsa bilinmeýändigini öňe sürdi.
Kanada birnäçe wagt öň köne “Karl Gustaf” tank raketalarynyň bir bölegini Ukraina ugradypdy. Milli goranmak ministrligi ukrainalylara talap edilýän “köp snaly goşmaça anti-sowut raketasynyň” ugradylandygyny habar beripdi.