
Kanadanyň Premýer-ministri Žastin Trýudo, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Trýudo bilen Zelenskiý telefon söýbetdeşliginde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy.
Trýudo bilen Zelenskiý, çaknyşygyň bes edilmegi üçin Ukrainanyň hem gepleşik stolynda ýer almalydygyny nygtady.
“Kanada Ukraina goldaw bermäge dowam eder” diýen Trýudo, ýurdunyň Ukraina ynsanperwer, harby we maliýe kömegini bermäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.
Russiýanyň, Ukrainanyň goranyş we energetika pudagyna guran soňky hüjümini ýazgaran Trýudo, Ukrainanyň howpsuzlygy üpjün edilmezden Ýewropada parahatçylygyň ýola goýlup bilinmejekdigine ünsi çekdi.