Kanada hökümetiniň Kanadada ýaşaýan eýranlylar üçin prezident saýlawlaryny geçirmekde hyzmatdaşlyk etmezlik karary halkara hukugyna ters gelýär diýip Eýranyň Saýlaw ştadynyň metbugat sekretary yglan etdi.
Eýranyň saýlaw ştadynyň metbugat sekretary Seýid Esmail Musawi Kanada hökümetiniň 13-nji Eýran prezident saýlawynyň Kanadanyň topragynda göni şeklinde geçirilmegine gatnaşmaýandygyna yşarat edip Saýlawlary geçirmek meselesi Kanadanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi bilen aragatnaşykda Nýu-Yorkorkdaky Eýranyň Hemişelik Missiýasynyň üsti bilen yzarlandy diýip yglan etdi.
Musawi sözüniň dowamynda "Şu wagta çenli Kanadanyň topragynda Eýranyň prezident saýlawlaryny göni tärde geçirmek üçin Kanada hökümetinden degişli jogap alynmady" diýdi.