Kamerunda merhum topraga berilýärkä, betbagtçylyk boldy, gonamçylyga suw süýşgüni geldi we 14 adam heläk boldy diýip, Habar 24 ýazýar. Onlarça adam dereksiz ýitdi. Dereksiz ýitenleri gözlemek işleri alnyp barylýar.
Ýerli häkimiýetler betbagtçylygyň bolan çägini howply diýip yglan etdiler hem-de ýaşaýjylary göçmäge çagyrdylar.