Kambojanyň paýtagtynda ASEAN-yň 40-njy we 41-nji sammitleri açyldy

Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) 40-njy we 41-nji sammitleri 11-nji noýabrda Kambojanyň paýtagty Pnom Pende öz işine başlady.Bu pandemiýadan soň, sebit guramasyna agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygydyr.

Kambojanyň Premýer-ministri Hun Sen maslahata gatnaşýanlaryň hemmesini häzirki kynçylyklary ýeňip geçmek we ASEAN jemgyýetini gurmaga kömek etmek üçin umumy tagallalary birikdirmäge çagyrdy.

ASEAN sammiti, adatça, ýylda iki gezek – ýylyň birinji we ikinji ýarymynda geçirilýär. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli şu ýyl guramanyň iki sammiti bir wagtyň özünde geçirilýär.

Kamboja hökümetiniň başlygy Hun Sen gutlag çykyşynda şu ýyl ASEAN-yň döredilenine 55 ýyl dolýandygyny belledi.Ol öz çykyşynyň dowamynda birleşigiň ähli agza ýurtlarynyň köpçülikleýin hyzmatdaşlygyň ruhuna ygrarlydygyny, taraplaryň sebit howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ykdysady dikeldiş bilen bagly köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Ol guramanyň alyp barýan işleriniň agzybirligi berkitmekde, sebitdäki abadançylygy we durnuklylygy ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini tassyklady.

Kamboja häzirki ASEAN-a başlyk ýurt hökmünde sammitleriň şygaryny “ASEAN: Kynçylyklara garşy bilelikde” diýip atlandyrdy we sebit guramasynyň üç sütüni bolan ASEAN-yň howpsuzlyk bileleşigini, ykdysady jemgyýetini we sosial-medeni jemgyýetini gurmagyň çäginde köptaraplaýynlygy goldamak, durnukly ösüş we ýaşlar alyş-çalşygy ýaly birnäçe maksatnamalary teklip etdi.

ASEAN-yň 40-njy we 41-nji sammitleri 11-13-nji noýabr aralygynda geçirilip, onuň çäklerinde Hytaýyň we ASEAN-yň /10 plus 1/ ýolbaşçylarynyň 25-nji maslahaty, ASEAN-yň ýolbaşçylarynyň 25-nji ýygnagy /10 plyus 3/ we 17-nji Gündogar Aziýa sammiti /EAS/ geçiriler.

ASEAN 1967-nji ýylda esaslandyryldy we onuň düzümine sebitdäki on ýurt: Indoneziýa, Taýland, Singapur, Filippinler, Bruneý, Malaýziýa, Wýetnam, Laos, Kamboja we Mýanma girýär.

Ýene degişli makalalar

Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
ABŞ-nyň we Hytaýyň Goranmak ministrleri duşuşyk geçirdiler
Kamboja 4 million origami-ýüregi bilen dünýä rekordyny täzeledi
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Türkmen ilçisi: Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär