Kambojadaky myhmanhanalaryň birinde ýangyn boldy

Kambojadaky myhmanhanalaryň birinde ýangyn boldy

Kambojanyň Içeri işler edarasyndan berilen beýanata görä, Taýland serhedindäki Banteý Meançeý welaýatynyň Poipet şäherindäki Grand Diamond Siti myhmanhanasynda ýangyn boldy.

Düýn gije başlan ýangynda myhmanhananyň işgärleri binanyň içinden çykyp bilmän kyn ýagdaýda galdylar, şol sebäpli wakada azyndan 10 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy.

Sosial mediada paýlaşylan wideolarda binanyň içinden çykyp bilmedik adamlaryň penjirelerden bökendiklerini görüp bolýar. Ýaralanan köp sanda adam, serhediň beýleki tarapyndaky Taýlandyň Aranýaprathet şäherindäki hassahanalarda bejergi astyna alyndylar.

Serhet söwdasynyň we syýahatçylygyň giň gerimli alynyp barylýan sebitde başdan geçirilen ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady.

Taýlandyň PBS döwlet ýaýlym organyna görä, takmynan 400 işgäriň işleýän myhmanhanada Taýlandyň 50-ä golaý raýatynyň bolandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti raýat ýagdaýynyň namalary bilen bagly sebitleýin duşuşyga gatnaşdy
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Balkanda dollaryň gara bazarynda iki kurs emele geldi, aşa köne banknotlaryň satyn alynmagy bes edildi
Prezident Erdogan Günorta Koreýa gynanç bildirdi
Dünýäniň iň rahat ýurdy