Kamberlend şaglawugy we onuň Aý älemgoşary

Geň galdyryjy Kamberlend şaglawugy, ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň günorta-gündogaryndaky iň gözel ýerleriň biridir.Aslynda, Kamberlend şaglawugy Kentukki şäherindäki Kamberlend derýasynda emele gelen birnäçe uly şaglawuklary öz içine alýar.

Oňa köplenç, Günortanyň kiçi Niagarasy diýilýär.Adybir döwlet seýilgähiniň esasy syýahatçylyk ýeri bolan şaglawugyň beýikligi 21 metre ýetýär.Akymyň ini 38 metrdir.Bir sekuntda 100 kub metrden gowrak suw akýar.

Emma Kamberlend seýilgähine syýahatçylary diňe bir derýanyň giňligi özüne çekmeýär.Kamberlend şaglawugynyň iň täsin tarapy dolan Aý wagty, Aý aýdyň gijede onuň üstünde Aý älemgoşarynyň peýda bolmagydyr.Aý älemgoşary, ýagny Aý aýdyň gijede peýda bolýan älemgoşar planetamyzyň bary-ýogy birnäçe ýerinde emele gelýär, şonuň üçin köp ýurda syýahat eden hem bolsa, jahankeşdeleriň köpüsi bu gözellige syn eden däldir.

Aý älemgoşary adaty älemgoşardan ak reňki bilen tapawutlanýar, sebäbi adamyň gözi pes spektrde doly spektri görüp bilmeýär. Mundan başga-da, Aý älemgoşaryny ýeterlik uzak tizlikde surata alsaňyz, reňkler suratda doly görner.

Hojamberdi WELMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň bäş aýry ştatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-da saparda bolýar
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kent döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy
Ak Gaýa Gurluşyk: gurluşyk we abatlaýyş üçin dürli görnüşli boýaglar hem-de reňkleýiş esbaplary
Amerikanyň Kent döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi