Astrahanda Ýüpek ýoly ralli-reýd ýaryşynyň badalga almagy mynasybetli dabara geçirildi. Ýaryşa 60-dan gowrak topar gatnaşýar, şolaryň hatarynda türkmen, belarus we gazak sürüji türgenleri hem bar.
Awtosportyň janköýerleriniň we bilermenleriň esasy ünsüniň ýük ulaglaryndadygyny bellemek gerek, şolaryň hatarynda ýyldyz topar KAMAZ-master nobatdaky ýeňşini gazanmak üçin ýola düşdi.
Ýüpek ýoly-2022 rallisiniň ugry tutuşlygyna Russiýanyň çäginden geçýär. Sürüji türgenler 4500 kilometr ýoly aşarlar, şol ýoluň 2800 kilometri bolsa ýörite sport zolaklarydyr. 16-njy iýulda ýaryşyň ýeňijileri Moskwadaky pellehana münberini kesip geçerler.
Astrahanyň çägeliklerini we Kawkazyň ýörite daglyk zolaklaryny dört sany KAMAZ-master topary geçer:
Eduard Nikolaýew we Dmitriý Sotnikow K5 görnüşine degişli bolan täze KAMAZ-435091 sport ýük ulaglaryna sürüjilik edýärler. Sergeý Kupriýanowyň topary ýangyç hökmünde gaz-dizel garyndysyndan peýdalanýan KAMAZ ýük ulagynda çykyş edýär, Andreý Karginow bolsa ýyllaryň synagyndan geçen KAMAZ-43509 kysymynda ýoluň kynçylyklaryna döz geler.
Ýeňijilik ugrunda ýük ulaglarynyň arasynda KAMAZ-mastere MAZ-SPORTawto belorus toparynyň we GAZ Reýd Sport rus toparynyň wekilleri garşydaşlyk ederler.
Ýatlatsak, Naberežnyýe Çelny şäheriniň toparynyň dünýä sportynyň Olimp dagynyň depesine çykmagy 1988-nji ýylda Polşada geçirilen Ýelç rallisine gatnaşmagy bilen başlandy.Hiç kim Russiýanyň adyndan ilkinji gezek çykyş edýän toparyň ýaryşda kümüş medala mynasyp bolmagyna, soňra bolsa KAMAZ-master ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanmagyna garaşmaýardy. Şondan bäri rus sürüjileri üç gezek dünýä Kubogyna mynasyp boldular we 9 gezek Ýüpek ýoly supermarafonynda ýeňiş gazandylar.