KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär

KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär

Russiýanyň KAMAZ AGPJ awtoulag önümçilik kärhanasynyň Türkmenistandaky — KAMAZ FTC Corp. LLP şahamçasy ýurduň edara-kärhanalaryna ýörite tehnikalary — KAMAZ-44108 6x6 tirkeg ulaglary bilen üpjün etmek hyzmatlaryny hödürleýär.

KAMAZ-44108 6x6 ählumumy ýük tirkeg ulaglary ýük çekiji awtoulaglaryň düzüminde ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Bu ulagyň 280 at güýjüniň bolmagy oňa agramy 32 tonna çenli bolan ýükleri çekmäge mümkinçilik berýär, iki sany benzin bagy bolsa uzak aralygy geçmegi üpjün edýär.

KAMAZ-44108 6x6 ýük çekiji awtoulagy gaýtadan işlenen kabinaly 44108 modifikasiýasyna eýedir.

Bu tirkeg ulaglary nebitgaz we gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem ýaragly güýçleriň zerurlyklarynda giňden ulanylýar, ýolsuz ýerlerde dolandyrmakda uly mümkinçiliklere eýedir we adatdan daşary, oňaýsyz howa şertlerine (aýaz we yssy) çydamlydyr. Bu ulag kysymlary dürli görnüşli ýarym tirkegler — tentli, bortly ýarym tirkegler, sisternler bilen işläp bilýär.

Zerur bolan ýagdaýynda KAMAZ FTC Corp. LLP wekilhanasy KAMAZ-44108 6x6 tirkeg ulaglaryny ýokary derejeli bejermek üçin özboluşly original ätiýaçlyk şaýlary hem-de düzüm bölekleri bilen hem üpjün edýär.

KAMAZ AGPJ-niň Türkmenistandaky wekilhanasy islendik ýörite tehnikalary sargyt etmegiň we mümkin boldugyça gysga wagtda getirmegiň mümkindigini habar berýär.

KAMAZ tehnikalaryna Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we oba hojalygynda uly isleg bildirilýär. On müňlerçe KAMAZ ulagy ýollaryň, senagat we jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygynda, şeýle hem oba hojalygynda peýdalanylyp gelinýär.

2008-nji ýylda Aşgabatda ýurtdaky ilkinji KAMAZ okuw we hyzmat ediş merkezi açyldy, onda brendiň enjamlaryny abatlamak we hyzmat ediş, şeýle-de işgärleri taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.Soňky ýyllarda bolsa Türkmenistanyň welaýatlarynda bu hili merkezleriň ýene-de üç sanysy açyldy; şu ýyl Daşoguz welaýatynda olaryň bäşinjisiniň hem dabaraly ýagdaýda açylmagyna garaşylýar. Şeýle merkezleriň bolmagy KAMAZ enjamlarynyň işleýşinde — ätiýaçlyk şaýlaryny üpjün etmekden başlap, hünärmenler bilen maslahatlaşmaga çenli köp sanly meseleleri çözýär.

KAMAZ AGPJ-niň Türkmenistandaky salgylary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi
28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy
Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana üstünlikli geçirildi
2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär