Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden prezident saýlawynda ikinji möhlete dalaşgär bolmajakdygyny mälim edip, wise-prezident Kamala Harrise goldaw berjekdigini aýdypdy. Kamala Harris bolsa, bu barada Prezidente goldawyny alandygyna buýsanýandygyny aýdyp, dalaşgärlige mynasypdygyny we saýlawda ýeňiş gazanmak niýetiniň bardygyny belledi.

Wise-prezident Demokrat partiýany we ýurdy birleşdirmek üçin elinden gelenini etjekdigini aýtdy. Ýurtda 5-nji noýabrda geçiriljek saýlawda ýeňiji bolan ýagdaýynda Harris ýurduň ilkinji zenan Prezidenti bolar.

Harris 1964-nji ýylda Kaliforniýanyň Oklend şäherinde dünýä indi.Onuň ejesi Hindistandan ABŞ-da okamak üçin baryp, biolog käriniň eýesidir.Kakasy hem Ýamaýkadan ABŞ-na okamaga barypdyr.

Garaýagyz kakasy ykdysadyýet ugrundan professor.Harrisiň hukuk ugrundan ýokary bilimi bolup, birnäçe ýyl San-Fransiskoda prokuror wezipesinde işledi. 2010-njy ýylda Kaliforniýanyň baş prokutory wezipesine dalaşgär bolup, ştatyň taryhynda bu wezipä saýlanan ilkinji garaýagyz we ilkinji zenan boldy. 2014-nji ýylda bu wezipä gaýtadan saýlandy.

2020-nji ýylda Demokrat partiýadan Prezident saýlawy üçin dalaşgärligini goýdy, emma partiýanyň içindäki saýlawda dalaşgärlige saýlanyp bilmedi. Şol ýyl Demokrat partiýanyň dalaşgäri bolan Jo Baýden Harrisi 2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda wize-prezident hökmünde yglan etdi. 3-nji noýabrda demokratlaryň saýlawda ýeňiş gazanmagy bilen Harris 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda wize-prezident hökmünde Prezident Baýden bilen kasam kabul edip, wezipesine girişdi.

Ol wezipe möhletiniň dowamynda häzire çenli 20 töweregi ýurtda saparda bolup, dünýäniň 150-den gowrak döwlet ýolbaşçysy bilen duşuşdy.Demokrat partiýanyň administrasiýasy, esasan, ykdysadyýete maýa goýum çekip, iş orunlarynyň artdyrylmagy üçin tagalla etdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder
Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy
Amerikan Saýlawy
“Prezidentiň Goldawyny Alandygym Üçin Buýsanýaryn”
Kamala Harris Minnesota ştatynyň gubernatoryny wise-prezidentlige dalaşgär saýlady