ABŞ-nyň Wise-prezidenti we Demokrat partiýanyň prezidentlige dalaşgäri Kamala Harris 5-nji noýabrda geçirlen saýlawdaky ýeňilişinden soň ilkinji gezek çykyş etdi.
Kamala Harris paýtagt Waşingtondaky Howard uniwersitetinde çykyş etdi.
Saýlawda ýeňilendigini boýun alan Harris, çykyşynda “Bu saýlawyň netijelerini kabul etmegimiz gerek. Saýlanan Prezident Donald Trampy saýlawda gazanan üstünligi bilen gutladym” diýdi.
Harris Prezident Trampa däl eýsem ABŞ-nyň ýokary kanunyna baglydygyny nygtady.
Kamala Harris tarapdarlaryna “bu saýlawda ýeňilendigimi boýun alýaryn, emma göreşimizden ýüz öwürmeýärin” diýip ýüzlendi.
Tramp, 2025-nji ýylyň 20-njy ýanwarynda kasam edip resmi taýdan ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine girişer.