Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder

Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder

ABŞ-nyň Wise-prezidenti we 5-nji noýabrda geçiriljek saýlawlarda Demokrat partiýanyň prezidentlige dalaşgäri Kamala Harris, saýlanan halatynda Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Demokrat partiýanyň milli kongresinde çykyş eden Harris, “Men prezident hökmünde Ukraina we NATO-ly hyzmatdaşlarymyza goldaw bererin” diýdi.

Harrisiň tersine Respublikan partiýanyň prezidentlige dalaşgäri Donald Tramp birnäçe gezek Ukraina berilýän goldawyň çäklendirilmelidigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

“Prezidentiň Goldawyny Alandygym Üçin Buýsanýaryn”
Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy
Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin
Amerikan Saýlawy
Tramp: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy" diýdi
Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler