ABŞ-nyň Wise-Prezidenti Kamal Harris golaý wagtda öňde duran ýurduň döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda Demokratik partiýadan dalaşgärlik etmek barada teklibi resmi kabul etmekçidigini habar berdi.
Harrisiň saýlawdan öňki ştabynyň metbugat gullugy şeýle habary ýaýratdy diýip, TASS ýazýar.
Wise-Prezident dalaşgär bolmak üçin ýeterlik giň goldawy gazanandygyny nygtady. Onuň saýlawlara gatnaşmagyny partiýanyň öňde duran gurultaýynyň delegatlarynyň 2538-i goldady. Demokratik partiýadan saýlawlarda dalaşgärlik etmek üçin sesleriň azyndan 1976-sini almak gerek.
Öň The New York Times gazeti ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň Milli geňeşiniň başlygyna salgylanyp, demokratlardan dalaşgäriň wirtual ses berlişik boýunça 7-nji awgustynda kesgitlenjekdigini habar berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 21-nji iýulda döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmakçy däldigini yglan edip, bu wezipä demokratlardan Kamala Harrisi hödürläpdi.