KALPLARDA ORUN TUTAN BAGŞY

KALPLARDA ORUN TUTAN BAGŞY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz özüniň Ile döwlet geler bolsa... atly kitabynda: Ýüzlerçe ajaýyp sazlary, goşgulary we dessanlary ýat tutup, nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetiren halk bagşy-sazandalarynyň bitiren biçak uly hyzmatlarynyň belli bahasy ýokdur diýip, bagşy-sazandalaryň türkmen milli aýdym-saz sungatynda bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hatyrasy hormat bilen ýatlanylmaga mynasyp bagşylaryň biri-de Türkmenistanyň halk bagşysy Gaýgysyz Çaryýewdir. Ol özüniň ilhalar aýdymlary bilen türkmen bagşyçylyk sungatynyň taryhynda mynasyp orun alan bagşydyr.

Golaýda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet merkezinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi we Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň halk bagşysy Gaýgysyz Çaryýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabarada Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Kakageldi Çaryýew, Wekilbazar etrap medeniýet bölüminiň bagşylar öýüniň sazandasy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nowruz Öwezmämmedow, Wekilbazar etrap medeniýet bölüminiň kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulnäzik Annamowa, şahyr zenan Oguljuma Kiçiýewa dagylar çykyş edip, bagşynyň türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmäge bagyşlan ömür ýoly, bitiren hyzmatlary, ýerine ýetiriş ussatlygy barada gyzykly gürrüňleri berdiler.

Bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary dabara aýratyn şowhun we ruhubelent joşgun çaýdy.Dabaranyň çäginde bu ilhalar bagşynyň öz aýdan aýdymlary hem eşitdirildi.

Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ussat halypasy hasaplanylýan Gaýgysyz Çaryýewiň ýerine ýetiren aýdymlary halkyň kalbynda müdimilik orun tutdy. Halk arasynda Bagşyly il-bagtly il diýen pähim bar. Hakykatdan hem Gaýgysyz Çaryýew ýaly ussat bagşylary bolan halk bagtlydyr.

Goý, türkmen aýdym-saz sungatynyň gözbaşlarynyň, akabalarynyň başynda duran ägirtlerimiziň sarpasyny belent tutýan we olaryň mirasyny öwrenmegiň nusgalyk ýoluny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Goý, mähriban Watanymyzda mydama aýdym-sazyň owazy belentden-belent ýaňlanyp dursun!

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti kazyýetleriň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi
Bäşim Nuralynyň uçgunlary Bagtyýar ýaşlar
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy