Kaliforniýaly lotereýada 2 milliard dollar utdy

Kaliforniýaly lotereýada 2 milliard dollar utdy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň ýaşaýjysy Powerball lotereýa oýnunda iň ýokary utuşyň eýesi boldy diýip, Euronews.com ýazýar.

Günorta Kaliforniýada ýaşaýan adam utuşly petegi Los-Anjelesden demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Alteden diýilýän ýerdäki ýangyç guýujy beketde satyn aldy. Onuň utuşynyň salgytlary tölemezden öňki möçberi 2 milliard 40 millon dollara deňdir, şeýle-de oňa 1 million dollar möçberinde pul sylagy garaşýar.

Bagtly petegiň eýesi özüni gizlin galdyrmak islän hem bolsa, Kaliforniýa ştatynyň düzgünlerine görä, onuň ady köpçülige mälim edilmelidir.

Ýene degişli makalalar

Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy
ABŞ-nyň iň gymmat uniwersitetleri
14-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Emeli aňly robot stadionda futbola tomaşa etdi
Tebigatyň täze kanuny öňe sürüldi
Amerikaly ýangyç guýulýan beketde lotereýa oýnunda 100 million dollar utdy
“Amazon”-yň täze hyzmatlary